DAŞOGUZDA TÄZE KÖPUGURLY HASSAHANA AÇYLDY

389

Şu gün — 27-nji maýda Daşoguz şäherinde 450 orunlyk köpugurly hassahana ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy» diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz täze lukmançylyk desgasynyň açylmagy mynasybetli dabara gatnaşyjylaryň öňünde söz sözledi.  Açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesen, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow köpugurly hassahananyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

«Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen täze köpugurly hassahana 4 gatly bejeriş bölümli binalar toplumyny, gaýragoýulmasyz «Tiz kömek», anesteziologiýa we reanimasiýa, operasion we laborator-anyklaýyş, maslahat beriş bölümlerini, hojalyk hem-de tehniki binalary özünde birleşdirýär. Ol 7 bölekden ybaratdyr. Täze saglygy goraýyş merkezinde merkezi kabul ediş, maslahat beriş we anyklaýyş, endoskopiýa, şöhle bilen anyklaýyş, fizioterapiýa, rewmokardiologiýa, torakal, endowaskulýar hirurgiýa, infarkt, umumy kardiologiýa, nefrologiýa, toksikologiýa we gemodializ, umumy hirurgiýa, umumy newrologiýa, iriňli hirurgiýa we ýanyk keselli näsaglar, trawmatologiýa we ortopediýa, neýrohirurgiýa, otorinolaringologiýa keselleri, urologiýa, anesteziologiýa we intensiw bejeriş, arterial gipertoniýa, pulmonologiýa we allergologiýa, kelle-beýni gan aýlanyş, endokrinologiýa, endokrin hirurgiýa ýaly bölümleriň 32-si näsaglaryň hyzmatynda bolar.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19