Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy!

226

Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde Hormatly Prizidentimiziň adam baradaky taýsyz aladalarynyň netijesinde, ýurdymyzda ýaşlaryň ähli taraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagy hem-de sport bilen gyzyklanýan talyp ýaşlar üçin türgenleşmäge ähli şertler döredilýär.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Daşoguz welaýatynyň orta hünär we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda 27.10.2022 ýylda “Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly ХII Spartakiadanyň düzüminde bolan sportuň KIÇI FUTBOL görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw  mekdebiniň talyp oglanlar topary birinji orna mynasyp boldylar.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Daşoguz welaýatynyň orta hünär we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda 31.10.2022 ýylda “Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly ХII Spartakiadanyň düzüminde bolan sportuň WOLEÝBOL görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw  mekdebiniň talyp oglanlar topary ikinji orna mynasyp boldylar.

Hormatly Prezidentimize bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, sagdyn bedenli ýaşlary terbiýelemekde we türkmen sportyny ösdürmekde alyp barýan belent işlerine tükeniksiz alkyş aýdýarys.

Goý Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, sporty ösdürmekde alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!


Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk

 orta okuw  mekdebiniň mugallymy Hangeldiýew Bäşim

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19