Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde talyp ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni berjaý etmek barada

381

Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw
mekdebinde Täze  ýyl baýramynyň
bellenilýän günlerinde talyp ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni berjaý etmek
bilen bagly ýygnagy  geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde 01.12.2022ý. senede
geçirilen iş maslahatynyň  gün tertibinde
seredilen meseleler boýunça kabul edilen çözgütlerini ýerine ýetirmek maksady
bilen  Täze  ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde talyp
ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni berjaý etmek bilen bagly  meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Täze  ýyl
baýramynyň bellenilýän günlerinde talyp ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni berjaý
etmek bilen bagly  meseleler
garalýandygyny, şu günlerden Täze ýyl baýramçylygyna uly taýýarlyklaryň
başlandygyny, baýramçylyk döwründe tertip-düzgün bozmalaryň bolmazlygy, asuda
we parahat ýagdaýda geçirmek üçin talyp ýaşlaryň arasynda düşündiriş,
wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilýändigini aýtdy. Adamyň janyna we saglygyna
howp salýan,   güýçli ses beriji
partlaýjy serişdeleri ýasamazlyk, ýa-da dürli görnüşde ýasalan, gadagan edilen
şeýle serişdeleri ulanmazlyk, barada we şeýle ýagdaýlardan ägä bolmalydyklary
barada talyplara berk tabşyrdy. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli hiç-hili
oturyşmalaryň, üýşmeleňleriň bolmaly däldigini, spirtli içgileri ulanmaklygyň
düýbinden gadagandygyny aýdyp, eger şeýle ýagdaýlar ýüze çykarylsa degişli
çäreleriň görüljekdigini berk nygtady. Jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünleriň
berjaý edilişine  gözegçiligi has-da
güýçlendirmelidigini hem-de ýaşlaryň maşgalanyň we jemgyýetiň öňündäki
borçlaryny, partlaýjy, çalt ýanýan maddalary ýa-da pirotehniki önümleri
saklamagyň, peýdalanmagyň we daşamagyň düzgünlerini bozýan hukuk ýagdaýlaryna,
seresapsyzlyk sebäpli getirýän agyr netijeleri barada talyplara halypa
ýolbaşçylaryň topar sagatlarynda berk düşündirmelidiklerini  tabşyryldy.



Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19