"Sanly bilim ulgamy"

326

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirende hem bilim ulgamynyň işine möhüm ähmiýet berdi. Milli Liderimiz şonda elektron serişdeleri ulanmak arkaly okuw usulyýetlerini hem-de bilim maksatnamalaryny özgertmek işine ünsi çekdi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy girişden we dokuz bölümden ybarat bolup, ol ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär. Şeýle-de, bu Konsepsiýanyň Türk- menistanyň Konstitusiýasyna, «Bilim hakynda», «Elektron resminama hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna» hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda taýýarlanylandygyny bellemelidiris.

Sanly bilimi ösdürmek üçin ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi hem öňe çykarylýar. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir. Her ýyl ak mekdeplere ilkinji gezek gadam basýan mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleriň sowgat berilmegi hem bellärliklidir. Munuň özi ýaş nesliň çagalyk döwründen başlap kompýuter serişdelerini peýdalanyp bilmeklerini üpjün edýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Ony durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesin-de ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Çünki ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr. Şonuň ýaly-da ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlan elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo - audiomateriallar, interaktiw – multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde bilimi dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmaga hem möhüm orun degişlidir. Bu ugurda bilimi dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmagyň aýratyn ýörelgesi hökmünde bilim işine gatnaşyjylaryň ählisine, ilkinji nobatda okaýanlara we olaryň ata-enelerine elektron bilim hyzmatlarynyň berilmegi maksat edinilýär. Zerur bolan elektron hyzmatlaryň (elektron žurnal, elektron gündelik, elektron ýazgy we beýlekiler) ýola goýulmagy göz öňünde tutulýar.

Biziň Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebimizde hem bu Konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Mekdebimiziň elektron kitaphana gory yzygiderli guralýar, dersler boýunça işlenip taýýarlanan döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar köpeldilýär. Täze maglumatlar bilen başlangyç elektron maglumat gorunyň üstüni ýetirmek işi yzygiderli dowam etdirilýär. Şol sanda mekdebimiziň mugallymlary tarapyndan taýýarlanan okuw gollanmalarydyr kitaplary sanly görnüşde mekdebimiziň elektron kitaphanasynda ýerleşdirilmek meýilleşdirilýär.

Bilim ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda köp tagalla edýän milli Liderimize hoşallygymyzyň çägi ýok. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

 Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň Farmasiýa hünariniň I ýyl talyby Jumabaýewa Tylla

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19