“Halkyň ykbalyny arşa göterjek Arkadag Serdarly Ýaşlar bagtyýar” ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy

315

2023-nji  ýylyň
10-njy
  fewralynda Gurbansoltan
eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta
okuw mekdebinde
 TMÝG-nyň Daşoguz şäher Geňeşiniň
bilelikde “Halkyň ykbalyny arşa göterjek 
Arkadag
Serdarly Ýaşlar bagtyýar” ady bilen geçirilen  
wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Gatnaşdylar: 

Gülnar
Orazberdiýewa- Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw
mekdebiniň direktoryň okuw işleri boýunça orunbasary;

Jeren
Wellekowa- Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
Ýaşlar guramasynyň başlygy, taryh mugallymy;

Abul Haýtbaýew
-TMÝG-niň Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy  hünärmeni;

Jennet
Gulmyradowa - Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz
welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň hünärmeni;

Umida Jelilowa  - Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň Ýaşlar guramasynyň agzasy, iňlis dili
mugallymy.













Bibiaýşa Baýramowa
- Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň  2-nji ýyl talyby;

Ýygnagy Gülnar
Pirberdiýewna - Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw
mekdebiniň  direktoryň okuw işleri
boýunça orunbasary wagyz-nesihat ýygnagyny açyp, ýurdumyzda ýaşlaryň ähli
taraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli, ylymly bolmagyny
gazanmak, olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren
mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik,
arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen “Halkyň
ykbalyny arşa göterjek Arkadag Serdarly Ýaşlar bagtyýar” ady bilen şu günki
wagyz-nesihat çäresini geçirilýändigini aýtdy.



Jeren
Wellekowa- Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçysy dowam edip , 2023-nji ýylymyz “Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary bilen her birimiziň ýüregimizde buýsanç döredýändigini
we  bu buýsanç ýaşlaryň kalbynda has-da
ýokary bolmalydygyny beýan etdi.. Ýaşlarymyz röwşen geljegimiz bolmak bilen, şu
günki beýik ösüşlerimize goşant goşýarlar. Şonuň üçin hem bu ýylda ýaşlaryň
ylym-bilim öwrenmäge bolan höwesleri has-da ýokary bolar, olar döredijilikli
ýollarda üstünlik gazanarlar diýip nygtap geçdi.

Soňra  ýakyn günlerde ýagny 28-nji ýanwarda
paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky
VIII gurultaýy geçirildi. Oňa Ýaşlar guramasynyň Aşgabatdan we ýurdumyzyň ähli
welaýatlaryndan wekiller gatnaşdylar. Nobatdaky maslahatyň “Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar” ýylynda  geçirilmegi
möhüm ähmiýete eýedigi barada aýdyp geçdi.



Ýaşlar
hakynda alada etmek, olaryň ylymly- bilimli bolmagy ýurdumyzda ýöredilýän
syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugur şu günümizi, röwşen geljegimizi
nazarlap, ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolmagyny üpjün edýär diýip sözüni
jemledi.

Netijede: 2023-nji
ýylyň 28-nji ýanwarynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII
gurultaýynyň geçirilmeginiň ähmiýeti ýaşlaryň ylymly-bilimli, ýokary ahlakly,
berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, esasan hem maşgala agzybirligi
barada ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyza hormat goýýan,
ilhalar, watansöýüji nesiller bolup ýetişmeklerini gazanmak.












 

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19