Magtymgulynyň köňül kelamy, haýran eder tutuş älemi
622Köňüller içinde müdümillik orun alan beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň öňe sürýän meseleleriniň, pikirleriniň-Watan, döwlet, abadançylyk, agzybirlik, dostluk, doganlyk, ynsanperwerlik, halallyk, dogruçyllyk, mertlik baradaky garaýyşlarynyň şuglasy täze eýýamymyzda täze röwüşlerde barha nurlanýar.Şonuň bilen baglylykda onuň pähim –parasadynyň gymmaty-da artýar. Milletiň baky we dowamly ýaşaýşynda gadymyýetiň ruhy gymmatlyklary, ruhy gözellikleri saklanýar diýip akyldarlar belläpdirler. Adamzat dünýäsi olary kalbynyň jümmüşinde, aňynda aýawly saklap, şu günlere, geljege ýetirýär. Beýik Pyragynyň pähim-parasat dünýäsi gymmaty bilen halkyň kalbynda uly orun aldy, umumyadamzat ruhy baýlygyna öwrüldi.Onuň dürdäne setirleri, dünýäniň ozalyny hem geljegini “pikir derýasynda akyl gämisi” diýip ölçerýän eserleri bizi hemişe galkynyşa, agzybirlige, bagtly durmuşa gönükdirýär.Çünki beýik akyldarymyz ömürboýy öz halkynyň galkynmagyny, bir bitewi döwlet gurmagyny, agzybir hem-de erkana ýaşaýyşyny arzuw edip gelipdir, şol arzuwlaryň hasyl bolmagy üçin ýol görkezip ýaşapdyr hem-de ýürek urgusyny, çuňňur duýgusyny eserlerine siňdiripdir.
Magtymgulynyň pähim-paýhasa eýlenen şygyrlary döredijiligiň belent nusgasydyr. Halkynyň göwün-güzerini ýagşylyk bilen ebedilik dolduran hezreti Magtymgulynyň bize miras goýan şygyrýet älemine sarpa goýmaýan, goşgularyny höwes bilen okamaýan ynsan ýok bolsa gerek. Belki, şunuň üçin-de türkmen ouň pähim-parasada ýugrulan kitabyny guba düýä çalyşypdyr, onuň her setirini gyzyla deňäpdir, durmuşda bu pähime eýeripdir. Bu barada Gahryman Arkadagymyz özüniň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabynda “Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir” diýip belleýär. Magtymguly Pyragy ýönekeý bir şahyr pähimdar bolman, eýsem ol Allanyň nazar salan adamy her sözi keramata deňeçer mukaddeslik saýylypdyr. Onuň welilik derejenine ýetmegi-de gudraty güýçliniň keramatyna görädir, aslynda beýik akyldaryň islendik eserinde dünýä baradaky oýlanmalara, adamzat durmuşynda görnikli orun eýeleýän mukaddesliklere elmydama gabat gelmek bolýar. Magtymguly Pyragy dünýäniň ähli baýlygyndan genji käninden ruhy baýlygy hem-de ynsan mertebesini ýokarda goýýar.Çünki adamzat üçin şondan ýokarda hiç hili baýlyk bolup bilmez diýip akyl eleginden geçiren eserlerinde ýaňzydýar.
Magtymguly Pyragynyň goşgularynda hakyky ynsanlyk häsiýete, durmuş kadalary, beýik dünýä garaýyş hem-de ylahy nesihatlar beýän edilýär. Şonuň üçin-de beýik akyldarymyzyň ussatlygyna özge ýurtlaryň alymlary hem şahyrlary , ýazyjylary aýratyn uly hormat bilen baha berýärler. Bu barada professor Ý.Bertles “Magtymguly türkmeniň poeziýasynda gymmat baha daşlaryň biri bolup, ol biziň zamanamyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar” diýip belleýär. Üstünden ýarym asyrdan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan gadymýeti, ylaýta-da gündogar edebiýatyny öwreniji alymyň bu pikiri türkmen poeziýasynyň öçmejek ýyldyzy hasaplanýan Magtymguly akyldarymyzyň dürler hazynasyna berlen iň uly mynasyp bahalaryň biridir.
Beýik şahyrymyzyň baş şygary agzybirlik bolup, şonuň netijesinde durmuşdaky ähli gowulyklary döredip boljakdygy aýdylýar.Watançy şahyr dagynyk ýaşaýan türkmen taýpalaryny birleşdirmek, agzybir ýaşatmak ugrunda aladalar edipdir, olary bir-biregi hormatlamaga çagyrypdyr,gowulyklara ündäpdir.Ol bu pikirini “Türkmeniň” diýen goşgusynda şeýle beýan edýär:
Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn erär topraklar, daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Haçanda tutuş milletiň köňil-ýüregi ylahy mähir taýdan birleşende, birek –birege sylag- hormat ýola goýlanda, bu jahandaky iň süýji we manyly durmuşy görüp boljakdygyna bu bentden düşünip bolýar.
Beýik şahyrymyzyň baş şygary agzybirlik, bitewilik, mertlik, merdanalyk bolan bolsa, hoşsözlülige, dogry sözlülige, sözüň gymmatyna hem uly orun berilýär. Magtymgulynyň döredijiligindäki “Bolar sen” diýen goşgusynda şeýle manylardaky setirlerine ser salalyň.
Ýagşylar ýanynda ýörgül sen özüň,
Dür bolsun daýyma sözlegen sözüň.
Alymlara uýsaň açylar gözüň,
Jahyllara uýsaň kör dek bolar sen
diýip, dogry sözlüligi ündeýär. Magtymguly Pyragy mylaýym, mähirli sözüň adama oňat täsirini “Reftarydyr” diýen goşgusynda örän çeper beýan edýär.
Öňüň gara, ardyň gözle,
Hoş sözüň diý, gahryň gizle,
Sözläbilseň, ýagşy sözle,
Halk ýamanyň bizarydyr.
Adama gaty söz aýdyp, ony ynjytmazlyk barada Magtymguly Pyragy “Gidiji bolma” diýen goşgysynda şeýle nesihat berýär.
Eger sen hem bolsaň nermi mylaýym,
Mylaýym sen bolsaň, guluň bolaýym,
Gulagyma beren pendiň alaýym,
Kişige gaty söz aýdyjy bolma.
Şahyr az we manyly sözlemek barada “Gezemek bilen” diýen goşgusynda şeýle diýýär.
Owwal, Magtymguly, özüň düzetgil,
Özüňi sen özgelere göz etgil,
Az iýgil, az ýatgyl, sözüň az etgil.-
Ne bar manysyz söz uzamak bilen
diýip, manyly, az sözli bolmagy ündeýär. Diňe ýürekden çykan söz ýürege ýetýär. Kiçi dilden bärde aýdylan sözler ygtybarly bolmaýar. Magtymguly Pyragy bu barada “Bu işi” diýen goşgusynda şeýle diýýär.
Başyň göge, göwsüň ýele göterme,
Köňlüňe gorkyny çala getirme,
Ýürekde ýok sözi tile getirme,
Yhlas gulagyna çalgyl bu işi.
Şahyryň döredijiliginde ýalan sözlemezlige, dogry sözlülige aýratyn orun berilýär. Biziň edýän ýagşy-ýaman işlerimiziň baryny Beýik Taňry görüp otyr. Ondan hiç zady ýaşyrmak mümkin däl. Şu bolsa Magtymgulynyň döredijiliginiň baş şygaryna öwrülýär.”Gözel sen” diýen goşgusynda
Magtymguly, Hakdan syryn gizlese,
Dişini uşadyň, ýalan sözlese
Ýa-da “Gymmat ýagşydyr” goşgusynda:
Haýyr işleri taşlap bet işleri eýländen,
Dost bolup dostundan syryn gizländen,
Hudany unudyp, ýalan sözländen,
Läkin, lal oturyp, dymmak ýagşydyr.
Magtymguly, dogry sözle
Ömrüň gelip, geçer beýle.
Syr saklamak barada hem şahyryň ençeme goşgy setirlerinde beýan edilýär. “Paş eder seni” goşgusynda şeýle berilýär:
Içki syryň aýtma her bir namarda,
Syryň ile ýaýyp, paş eder seni.
Magtymguly dile, söze sarpa goýan beýik şahyrdyr. Ony dünýä meşhur eden hem onuň saýrak dilidir. Ol özüniň tas ähli goşgularynda diýen ýaly diliň ägirt uly hyzmatynyň bardygyny tekrarlaýar. Şahyr “Tile gelen sözler köňül nagşydyr” diýmek bilen, öz aýdan sözleriniň ýürekden syzylyp çykýandygyny görkezipdir. Onuň şygyrlarynda bütin türkmen halkynyň ýürek owazy bar. Magtymgulynyň döredijiligi giň hem-de her taraply, ol çuňňur ummana, uç-gyraksyz äleme çalym edýär.Häzirki wagtda beýik akyldarymyzyň şygyrýet dünýäsine aýratyn uly sarpa goýulýar we ol giňden öwrenilýär. Alymlar onuň her bir ülüşinde hak tagallanyň nurunyň bardygyny tassyklaýarlar.Bu älem müň öwüşginli türkmen sährasynyň durky mysaly şugla saçýar. Poýeziýanyň giň äleminde şahyr söýgi lirikasyny hem ynsan kalbyna guýýar.Onuň öz söýgili ýary Meňli barada ýazan goşgularyny okan her bir ynsan yşk derdiniň apatynyň niçiksi ýowuzdygyny, ýöne yşk odunyň adama ruhy tämizlik, dirilik bagyş edýändigini hem örän ussatlyk bilen nygtaýar. Meňli gyzy wasp edýän şahyr türkmen gyz-gelinlerine mahsus häsiýetleri iň bir ajaýyplara, ýokary derejä göterýär.Bu bolsa beýik akyldaryň milliligini ýüze çykarýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda beýik geçmişimizi, ata-baba milli gymmatlyklarymyzy täzeden dikeldýär. Ylymda, bilimde, durmuşymyzyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň gerimi türkmen ýaşlarynda ýokary ruhybelentlik hem-de agzybirlik duýgularynyň kemala gelmegini üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabynda “Beýik Pyragynyň şygyrýeti türkmen halkynyň ajap eýýam baradaky garaýyşlarynyň, özbaşdak berkarar döwleti gurmak, adalatlylyk, bagtyýar durmuş, agzybirlik, asudalyk baradaky asyrlar boýy eden arzuwlarynyň özboluşly beýanydyr”-[1,25] diýip belleýşi ýaly biz ata-babalarymyzyň, beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň ýüregini paralap, kalbyndan syzdyryp arzuw eden iň bir bagtyýar döwründe ýaşaýarys, döredýäris, gurýarys. Şahyryň mukaddes arzuwlarynyň wysaly ýagty ertirlerimize, nurly geljegimize sary uzaýan bagtyýarlyk röwüşleridir.
Aýjan Baýjanowa -Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.