Arkadag Serdarly Bagtyýar talyp gyzlary

620

2023-nji ýylyň 6-njy martynda Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi bilen bilelikde “Arkadag Serdarly Bagtyýar talyp gyzlary” atly bäsleşik geçirildi


Bäsleşigiň şertleri:


1.Salamlaşyk, özüňi tanyşdyrmak, hünärlerini wasp etmek.


2.Türkmen gyzlaryna mahsus  el işlerini görkezmek we wasp etmek.


3.Enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy wasp edýän çeper okaýyş ýa-da aýdym bilen çykyş etmek.


4.Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabyndan melhem çaýlary taýýarlamak we gürrüň bermek.


5.Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  “Bereketli türkmen saçagy” kitabyndan milli tagamlary taýýarlamak we gürrüň bermek.


 


Halkara derejesinde bellenilýän Halkara gelin-gyzlarymyzyň baýramçylygynyň öňüsyrasynda mekdebiň talyp gyzlarynyň arasynda “Arkadag Serdarly Bagtyýar talyp gyzlary” bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige mekdebimiziň I ýyl we II ýyl talyp gyzlaryndan 8-si gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda mekdebiň jemgyýetçilik guramalaryndan  düzülen emin agzalary talyp gyzlaryň çykyşlaryna, özlerini tanyşdyryşlaryna, hünärlerini wasp edişlerine, ene hakda çeper okaýyşlaryna we aýdymlaryna, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabyndan melhem çaýlary taýýarlap we gürrüň berişlerine, Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” kitabyndan milli tagamlary taýýarlap we gürrüň berişlerine tomaşa etdiler we ýerine ýetiren şertlerine  laýyklykda bahalandyrdylar. Bäsleşigiň şertleri netijesinde ýygnalan ballar esasynda bäsleşigiň ýeňiji gyzlary ýüze çykaryldy. Olardan baş baýraga II ýyl 321-nji toparynyň “Bejeriş işi” hünäriniň talyby Baýramowa Bibiaýşa,  I oruna II ýyl 222-nji toparynyň “Akuşerçilik işi” hünäriniň talyby Awezowa Enejan, II oruna I ýyl 106-njy toparynyň “Şepagatçylyk işi” hünäriniň talyby Tirkeşgeldiýewa Leýla, III orna II ýyl 201-nji toparynyň “Şepagatçylyk işi” hünäriniň talyby Saparmyradowa Täzegül we II ýyl 622-nji toparynyň “Şepagatçylyk işi” hünäriniň talyby Kadyrowa Gülçemen mynasyp boldular. Şeýle hem “Türkmen gözeli” adyna I ýyl 102-nji toparynyň “Şepagatçylyk işi” hünäriniň talyby Ýagşymyradowa Göwher, “Mylaýym gözeli” adyna Batyrowa Orazgül, “Çeper sözli gözeli”  adyna Igdirowa Selbi mynasyp boldular. Baýramçylyk çäresi diýseň şowhunly, joşgunly we dabaraly ýagdaýda geçdi. Olara mekdebiň ilkinji ýaşlar guramasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy. Gelin-gyzlaryň  baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen  bu çäre diýseň şowhunly, joşgunly we dabaraly ýagdaýda geçdi.


 

 

 





























 

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19