Sport — sagdynlygyň we gözelligiň gözbaşy

366

Sport — sagdynlygyň we gözelligiň gözbaşy

Sportuň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur hökmünde has-da ösdürilmegi, ilkinji nobatda, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini alyp barmaga, wagyz etmäge, şol bir esasda köp sanly raýatlary giňden çekmek arkaly sportuň ähli babatda netijeliligini artdyrmaga, jemgyýetimizde sagdyn-durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda sportuň döwrebap düzüminiň kemala gelmegine gönükdirilen ähli çäreler uzak geljek üçin berk bedenli, gujur-gaýratly, sagdyn pikirlenýän nesillerden ybarat bolan kämil jemgyýeti kemala getirmegi ugur edinýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport desgalary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Netijeli türgenleşikleri alyp barmak üçin ähli zerur şertleriň döredilýän döwründe şeýle mümkinçilikleri iş ýüzünde ulanmagy başarýan, sport enjamlaryna we sportuň dürli görnüşleriniň tilsimlerine erk edýän hünärmenleri, tälimçileri we türgenleri taýýarlamak wezipesine hem aýratyn üns berilýändigini bellemek zerurdyr. Munuň özi sportuň netijeliliginiň has-da artdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Sport bilen meşgullanýan mahalyň bütin bedeniň hereket edýär, pikirleriň durlanýar, sagdyn pikirlere ýol açylýar. Sport ynsanlary birek-birege ysnyşdyrýan güýçdür. Ol diňe bir ýaryşlaryň toplumy däldir. Sport arkaly dostlaşmak, özara ysnyşmak we hoşniýetli gatnaşyklara ýol açmak mümkindir. Sportuň haýsy görnüşi bilen meşgullansaň-da, ol saňa beden sagdynlygyny, jan rahatlygyny berýär. Işe, durmuşa, ertirki güne höwes, hyjuw, ynam döredýär.

Ählumumy asudalygyň we hoşniýetliligiň tarapdary bolan ynsanyýet öz öňünde birek-birege mähirli gatnaşyklary, dostlugy, söýgini we ýene-de bolup biläýjek ähli oňatlyklary maksat edinýär. Ähli döwletlerde bolşy ýaly, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebinde  hem sport çäreleri giňden geçirilýär.

Kalplary bagtyýarlykdan, ýürekleri Watana bolan söýgüden pürepür türgenler we tälimçiler rowaçlyga beslenýän türkmen sportunyň at-abraýyny barha belende galdyrýarlar. Olaryň halkara derejesinde ýeňiş serpaýlary has-da artýar.

Halkymyzyň sagdyn durmuşy ugrunda asylly maksatlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, mertebeleri zyýada bolsun!

Wellekowa  Jeren Aşyrbaýewna

Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk 

orta okuw mekdebiniň Taryh  mugallymy


Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19