MILLI MIRASA SARPA
231Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebinde «Medeni miras — milletiň mertebesi» atly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň miras gymmatlyklarynyň sergisiniň guralmagy has-da täsirli boldy. Onda halkymyzyň medeni mirasynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşandygy hakynda täsirli çykyşlar edildi. Şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milliligimize, taryhy-medeni mirasymyzy goramaklyga aýratyn ähmiýet berilýändigi hakynda nygtalyp geçildi. Sergide orta okuw mekdebiniň «Miras» gurnagynda talyp gyzlaryň ýerine ýetiren el işleri hem aýratyn orun eýeledi.
Güljahan ILAMANOWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.