GALKYNYŞDAN GÜLLEÝÄN DÖWÜR.
197Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Diýarymyz da mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuny uludan toýlady. Golaýda Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda birbada ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň — Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde goşmaça okuw binasynyň hem-de beýleki desgalaryň düýbüni tutmak dabaralarynyň geçirilmegi mähriban halkymyzyň, aýratyn-da, bilim işgärleriniň guwanjyny goşalandyrdy. Şol gün gözel paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumy ulanmaga berildi. Arkadag şäherinde täze döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň we beýleki sungat mekdepleriň işe başlamagy täze taryhymy zyň şan-şöhratyny belende galdyrdy. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherindäki Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagy ähli bilim işgärleri üçin aýratyn şanly waka öwrüldi. Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de onuň maddyenjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, bu ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işleri bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär. Her gezek Aşgabat şäherine baranymyzda paýtagtymyzyň beýik ösüşleri biziň ählimiziň buýsanjymyzy goşalandyrýar. Aşgabat ähli türkmenistanlylaryň mertebesi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen häzirki wagtda gözel paýtagtymyz Aşgabat bilimleriň şan-şöhratly mekanyna öwrüldi. Ak mermerli Aşgabat ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň öň hatarynda bolmak bilen, onuň ajaýyp binagärlik toplumy hem köpleri haýran galdyrýar. Aşgabat her ýyl täze, täsin binalar hemde dürli maksatly desgalar bilen binagärlik taýdan uly ösüşlere eýe bolýar. Arkadag şäheri — ýaşlaryň şäheri. Döwletimiz tarapyndan ýaşlar barada edilýän taýsyz aladalar ýurdumyzyň şöhratly geljeginden nyşandyr. Goý, berkarar Diýarymyzy beýik ösüşleriň hem-de bilimleriň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, amala aşyrýan beýik işleri rowaç bolsun!
Ýazgül JOŞOWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz
lukmançylyk orta okuwbiniň mugallymy.