INTERNET ULGAMYNDAN GELIP BILJEK HOWPLARDAN GORANMAK
138Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebinde 2023-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda “Internet ulgamyndan gelip biljek howplardan, milliligimize ters gelýän hereketlerden goranmak” atly düşündiriş wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Onda Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlary çykyş edip, internetden peýdalanmagyň medeniýeti, türkmen halkynyň milli aýratynlyklary, milliligimiziň goralyp saklanylyşy bilen bagly talyplara gürrüň berdiler. Olar çykyşlarynyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaşlara uly ornuň berilýändigini, olaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan ussatlarça baş çykaryp bilýän, Watanymyza, halkymyza wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalaryň edilýändigini aýdyp geçmek bilen, halkymyzyň milliliginiň örän ýokary derejede durýandygyny giňişleýin düşündirdiler.
Täzebaý AŞYROW
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy