Pyragy hem Arkadag ömrümize şamçyrag
217Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebinde mekdebiň ilkinji ýaşlar guramasynyň ýolbaşçylyk etmeginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Pyragy hem Arkadag ömrümize şamçyrag” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi.
Çärä Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň geçen ömür ýoly we döredijiligi barada sergileriň guralmagy çärä gatnaşyjylarda we talyplarda has hem uly täsir galdyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga we onuň döredijiligine ýokary baha berilýär.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda bellenip geçiljek Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygyna işjeň taýýarlyk görülýär. Şu mynasybetli hem mekdebimizde geçirilen tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik çäresi has-da täsirli we işjeň ýagdaýda guraldy.
Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň gyzlaryň asyllylygy, edepliligi, ýigitleriň mertligi, edermenligi, batyrlygy, perzendiň ata-enäniň öňündäki borçlary, watançylyk şeýle hem adamyň saglygy we adamyň saglygyna zyýan ýetirýän endiklerden daşda durmaklyk barada ýazan pähim-paýhasa siňen goşgularyny talyplara düşündirildi we manylary açyp görkezildi.
Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň 2023-nji ýylyň maý aýynda ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň söz ussadynyň dürdäne goşgularynyň dünýä ýüzünde dabaralanmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy barada düşündirildi.
Jeren WELLEKOWA
Gurbansoltan eje adyndaky
Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiň
ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy,
Türkmenistanyň taryhy dersiniň mugallymy