Ýiti respirator ýokanç keseliniň öňüni almak

325

Ýiti respirator ýokanç keselleriň howa-damja ýollary bilen ýokuşýandygyny nazara alyp, gyş paslynyň dowam edýän günlerinde her gün irden burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli. Kesel bedeniň gyzgynynyň galmagy, asgyrma, üsgürme, dem gysma, ysgynsyzlyk ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Şonda näsag adam köpçülik ýerlerine barmakdan saklanmaly we maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Öý şertlerinde lukmanyň bejergisini talabalaýyk berjaý etmeli.

Buýan kökünden, narpyzly, ary bally we limonly, ýer tudananyň mürepbesi goşulan melhem çaýlary, towuk çorbasy, sarymsak goşulan unaş tagamy has-da peýdalydyr. Öý we iş otaglarynyň howasyny üzärlik ösümligini peýdalanyp tämizlemeli.

Ýylyň ähli pasyllaryna paýhasly çemeleşip, möwsüme görä geýinmek, keselleriň öňüni almagyň hemme çärelerini dogry we doly berjaý etmek zerurdyr.

Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda almaly.

Sapartäç Nepesowa 
     Gurbansoltan eje adyndaky
Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiň
                                                                 pediatriýa  dersiniň mugallymy


Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19