Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş müzeýine syýahat
456Türkmen döwleti özüniň baý taryhy we medeni mirasy bilen dünýä halklaryna giňden mälimdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan medeni-mirasymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Mukaddes türkmen topragy bolsa, gadymy we orta asyrlar zamanyna degişli bolan medeni hem-de taryhy ýadygärliklere diýseň baý döwletleriň biridir. Bu gün eşretli zamanamyzda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda medeniýetimiz dünýä ýaň salýar, däp-dessurlarymyz täzeçe röwüşe eýe bolýar. Taryhda türkmen halky nähili beýik we ajaýyp häsiýetleri bilen tanalan bolsa, bu gün şol aýratynlyklar has kämil we täze öwüşgünde ýüze çykýar. Şeýlelikde, dünýäniň gursagyndaky göwher gaşly gülýaka meňzeýän milli medeniýetimiz we sungatymyz ähli öwüşginleri bilen köňüllere nur çaýýar.
Öz taryhymyz we medeniýetimiz, sungatymyz hem-de däp-dessurlarymyz bilen içgin tanyşmagyň iň ähmiýetli mesgeni bolsa, ülkäni öwreniş muzeýlerdir. Taryhy mesgenlere zyýarat edeniňde ýüregiňde döreýän duýgulary hut şu ýerde hem duýup bolýar.
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary Nowruz baýramçylygy hem-de mekdebiň "Miras" gurnagynyň çäklerinde milli mirasymyzy we maddy gymmatlyklarymyzyň goralyp saklanylyşyny öwrenmek maksady bilen Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine syýahat etdiler. 25.03.2024ý.