Milliligiň we hereketiň sazlaşygy

408
Ýurdumyzda giňden dabaralanýan dürli medeni çärelerimiziň, toý-baýramçylyklarymyzyň milli röwüşli urp-adatlarymyza, däplerimize beslenmegi gadymy mirasymyza goýulýan sarpadan nyşandyr. Milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak we ýaş nesillerimize wagyz etmek maksady bilen, medeniýet ulgamynda hereket edýän döredijilik toparlary hem döwrüň ruhuna laýyk işleri alyp barýarlar. Bu babatda Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda “Täze gelin” atly spektaklyň görkezilişi boldy. Bu spektaklyň görkezilişine mekdebimiziň mugallymlary we talyp ýaşlary tomaşa etdiler. Sahnada maşgala gatnaşyklaryň özboluşly sazlaşygy şöhlelenýär. Spektaklda gülküli, dartgynly wakalaryň we şowhunly aýdym-sazlaryň utgaşmasy tomaşaçylary biparh goýmaýar. Maşgala mukaddesligine wepalylyk we birek-birege hormat goýmak ýaly asylly häsiýetler çeper keşpleriň üsti bilen beýan edilýär.

Güljahan ILAMANOWA  
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz 
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy 

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19