Suw damjasy — altyn dänesi
139Ata-babalarymyz agyz suwuny
ýöne ýerden gymmatly baýlyga deňemändirler. Arassa agyz suwy saglygyň girewi,
ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanypdyr. Saglyk — ynsanyň başynyň täji. Içimlik suw
bolsa adamzat ýaşaýşynyň ilkibaşdaky döwürlerinden bäri üns merkezinde saklanyp
gelýär. Häzirki wagtda ol dünýä derejesinde iň wajyp meseleleriň birine
öwrüldi. Sebäbi Ýer togalagynyň üçden iki bölegini suw tutýan-da bolsa, onuň
içmek üçin ýaramlysy üç göterimden aňry geçenok. Şonuň üçin ilaty arassa agyz
suwy bilen üpjün etmek we ýerasty, ýerüsti içimlik suwlardan rejeli
peýdalanmak, suwuň hapalanmagynyň öňüni almak ýaly meseleler dünýä
döwletleriniň öňünde derwaýys mesele hökmünde örboýuna galdy.
Ýurdumyzda 2010-njy ýylyň
oktýabrynda «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanunyň
14-nji maddasynda: «Türkmenistanyň çäginde her bir adama bellenilen hil
kadalaryna jogap berýän, agyz suwuny sarp etmegiň kadalaryna laýyk gelýän
mukdarda agyz suwy bilen üpjün etmek kepillendirilýär» diýlip bellenilýär.
Şundan görnüşi ýaly, ýurdumyzda her bir raýatyň arassa agyz suwy bilen üpjün
bolmaga doly hukugy bardyr. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkyň saglygy bilen baglanyşykly meseläni
hemişe üns merkezinde saklaýar. Çünki arassa howanyň, arassa agyz suwunyň we
arassa iýmitiň bar ýerinde sagdyn ýaşaýyş höküm sürýär. Şoňa laýyklykda,
ýurdumyzyň etraplarynyň, şäherçeleriniň her birinde agyz suwuny arassalaýjy
desgalary gysga döwürde gurmak möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.
Alymlaryň bellemegine görä, adam
bedeninde beýniniň 85 göterimi, ganyň 80 göterimi, myşsalaryň 70
göterimi suwdan ybarat. Günüň dowamynda adam bedeninde derlemek,
dem almak, geplemek we peşew ýoly arkaly 2 litre golaý suw ýitirilýär.
Bedeniň ýitgisiniň öwezini dolmak üçin her gün 2 litrden gowrak arassa
suw içmek maslahat berilýär. Çünki suw – ýaşaýşyň çeşmesi.
Suwuň bedene ýetirýän täsirleriniň birnäçesini sanap geçeliň!
Suw derini nemlendirýär; beden temperaturasyny sazlaýar; zyýanly
maddalary bedenden daşyna çykarmaga ýardam edýär; ganyň üsti bilen
bedeniň ähli ýerine kislorod paýlaýar; myşsalary işjeňleşdirýär;
böwrekde daş ýygnanmagynyň öňüni alýar; iýmit siňdiriş ulgamynyň
işini sazlaýar we göreçleri nemlendirýär.
Halkymyzda «suw damjasy — altyn dänesi» diýilýär. Onuň bedenimiziň
sagdynlygyny üpjün etmekdäki wajyp orny barada pikir edeniňde, ata-babalarymyzyň
bu aýtgysynyň tüýs ýerine düşendigine göz ýetirýärsiň.
Ogulgözel
AMANOWA,
Gurbansoltan eje adyndaky
Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň farmakalogiýa mugallymy.