HÄZIRKI ZAMAN KEŞDEÇILIK SUNGATY

104
       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda çeper elli gelin-gyzlarymyzyň döredýän keşdeçilik sungatyny, milli medeni mirasyň özboluşlylygyny, keşdeçilik sungatynyň owadanlygyny, ruhy belentliligini, kalby bilen utgaşyp, milliligi süňňüne siňen, türkmen halkynyň gadymyýetden şu güne çenli mukaddeslik hökmünde getiren, medeni mirasy belent derejede sarpalanýar. Türkmen halky özüniň milli gymmatlyklaryna mukaddeslik hökmünde garaýan halk, sebäbi keşdäni her bir egin-eşiklerinde, zenan kürtelerinde, tahýalarda, milli lybaslarymyzda, ýakalarda nepis keşdeler we nagyşlar bilen sünnälenilýär. El işleriniň zynaty mähirdir, çünki türkmen milli lybaslary, olaryň çeper bezegi, keşde çekmegiň usullary, sapak işmek, iňňä sapak ötürmek, keşdeçilik hünärinde ulanylýan keşde iňňesi, oýmak, ýüwse, ýüpek sapaklar, keşde, gaýma, köjüme, çigme, pugtama, basma ýaly el işleri ýyllar geçse-de hiç könelmän, gaýta barha lowurdap gelingyzlarymyzy gözelleşdirýär.   
     Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda çeper elli gelin-gyzlarymyzyň döredýän keşdeçilik sungatyny yzygiderli goldaw bermeginde, gymmatly mirasynyň öwrenilmegine hem-de tutuş dünýä tanadylmagyna ýardam berýär. Milli çeperçilik sungatymyzyň ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” goşulmagy häzirki zaman keşdeçilik sungatyna geçmişden geljege goýan gymmatly mirasydyr we geljege ynamly gadamydyr.


Umida JELILOWA,

Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw 

mekdebiniň iňlis dili mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19