Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň rowaçlygyny wasp edýän baýramçylyk

121
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzda alyp barýan içerki we daşarky syýasatyna laýyklykda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ähli ugurlarda uly ösüşlere ýetilýär şol sanda bilim ulgamynyň ösdürilmegi babatynda öňe sürülýän başlangyçlar durmuşymyza ornaşdyrylýan özgertmeleriň strategik maksatlarynyň esasy özenini düzýär. 
Türkmenistan Watanmyzyň her bir güni toýdur-baýramlara beslenýär. Her bir güni baýramçylyk çäreleri bilen utgaşyp talyp ýaşlaryň döwrebap kemala getirilmeginde taryhy tejribelere, şöhratly geçmişimize daýanmagyň, durmuş synagyndan geçen ýörelgelere esaslanmagyň möhüm ähmiýeti bardyr. Şu nukdaýnazardan seredilende bilim ulgamy üçin döwlet derejesinde geçirilýän çäreleriň ähmiýeti uludyr. Olar altyn harplar bilen ýazylmalydyr. Milli baýramçylyklarymyz türkmen halkymyzyň baý geçmişini görkezip, altyn geljege alyp barar. Bu möhüm özgertmelere her bir raýatymyzyň şaýat bolmagy uly bagtdyr, geljege bolan aýdyň şöhlenenýän ruhdyr. 
Halkymyzyň asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirip, häzirki günlerimize ýetiren milli gymmatlyklary, ynsanperwer ýörelgeleri, sarpalanýan nyşanlary Türkmen ahalteke bedewi, Ýanardag aty Döwlet baýdagymyzyň keşbinde jemlenendir. Uçar ganaty at türkmen üçin maddy hem ruhy baýlyk saýylypdyr. Türkmeniň beýik akyldary, nusgawy edebiýatyň söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde bedewiň gadyr-gymmaty açyp görkezýär. Bu bolsa gymmatly milli miras hökmünde saýyp gelýän türkmen bedewlerine giňden ýaýbaňlaşdyrmak, öwrenmek we nesillerimize miras galdyrmak, döredijilik ukyplaryny durmuşa geçirmäge belent buýsançlary öz beýanyny tapýar. Ähli türkmen ýaşlaryny Watansöýji, ilhalar, giň gözýetimli, halkymyzyň baý geçmişini öwrenip ony dünýä tanatmagyny ruhlandyrýar.
Milli Liderimiz nygtaýşy ýaly, Türkmenistan açyk ýurtdur, ösüş we öňe tarap ilerlemek bilen bagly ähli täze, oňyn zatlary kabul etmäge ukyplydyr. Şeýle ajaýyp Watanda bilim almak, okamak, öwrenmek, hünärmen bolup, oňa hyzmat etmek uly bagtdyr. Döwletimiziň her bir şatlykly günini deň paýlaşmak, milli mirasymyza hormat goýmak her bir türkmen raýatynyň mukaddes borjudyr. 


Umida JELILOWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw 
mekdebiniň iňlis dili mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19