Beýik geçmişden buýsançly geljege

227

    Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz Diýarymyz Ýer ýüzünde
iň bir bagtyýar, iň bir asuda, uly ösüşlere beslenýän döwlet hökmünde giňden
tanalýar. Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň kalbynda milli
mirasymyza synmaz söýgüni döretmekde taryhy ülkäni öwreniş muzeýlere uly orun
degişlidir.  Şu ýylyň aprel aýynyň ikinji
ýekşenbesinde Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk okuw mekdebimiziň talyp
ýaşlarynyň, mugallymlaryň gatnaşmagynda “Miras” gurnagynyň meýilnamasy esasynda
welaýatymyzyň Köneürgenç etrabynda ýerleşýän “Köneürgenç” Taryhy- medeni döwlet
goraghanasynyň Daşmetjit halk hünärleriň muzeýine syýahat, gezelenç edildi. Bu
syýahatda talyplarymyz halkymyzyň geçmiş taryhy,gadymy medeniýeti,
däp-dessurlary, beýik şahsyýetler, ýurdumyzyň taryhynda gazanan üstünlikleri,
gymmatlykly baýlyklar barada öwrendiler. Mähriban halkymyzyň dünýä medeniýetine
goşan goşandy örän uludyr. Ýurdumyz taryhy-medeni ýadygärliklere, seýrek duş
gelýän dürli gymmatlyklara örän baýdyr. Bu syýahat talyp ýaşlarda we
mugallymlarda uly täsir galdyrdy.


Güljahan ILAMANOWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw 

mekdebiniň taryh mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19