Magtymguly Pyragynyň dünýägaraýşynda “Kämil ynsan” taglymaty
113Giň dünýägaraýyşly filosof akyldar şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň kalbynda we Gündogar edebiýatynyň müňýyllyklar bilen ölçenýän gadymy taryhynda öçmejek yz galdyran, adamzat paýhasynyň ösüşine saldamly goşant goşan şahsyýetdir. Bu gün şahyryň döredijiligi dünýä ýaň salýar. “Ýürekden çykan söz ýürege barýar” diýilşi ýaly Magtymguly Pyragynyň şygyrlary diňe bir merkezi Aziýa halklarynyň köňüllerinde ýer alman, eýsem dünýäniň çar künjegine şahyryň filosofik dünýägaraýşyndan dörän many-mazmuna ýugurlan şygyrlaryna bolan gyzyklanmalar artýar, ynsanperwerlilik meseleleri türki halklarynyň Magtymguly-şynaslarynyň taglymatlaryndan, akymlaryndan we ylymy derňew usullaryndan ugur alyp seljerilýändigi maksadalaýykdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymgulynyň 2014-nji ýylda neşir edilen eserler ýygyndysynyň sözbaşy hökmünde ýazan “Magtymguly – ynsan kalbynyň ruhy lukmany” atly makalasynda: “Magtymgulynyň beýikligi şol döwürler dagynyk ýaşan küli türkmen ilini ilkinji bolup, bir bütewi millet hökmünde saýmagyndadyr we muny wagyz etmegindedir.”
Magtymgulynyň döredijiliginde ör-boýuna galýan meseleleriň biri-de ynsany terbiýeläp ýetişdirmekdir. Belent adamkärçilik baradaky garaýyşlary, çuň manyly öwüt-ündewleri täze hyruç, täze ylham bilen nesillere watansöýjüliligi, ynsanperwerliligi terbiýelemekde gymmatly ruhy çeşme bolup hyzmat edýär. Biz häzirki zaman ösen tehnologiýaly jemgyýetde ýaşaýarys. Durmuşymyzy tehnologiýasyz göz öňüne getirip bilmeýän, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda häli şinde jedelli meseleler ýüze çykýar. Şeýle pursatlarda Magtymguly Pyragynyň ýekeje bir setiri dartgynly ýagdaýlardaky düşünşmezlikleri köki bilen ýok edýär. Halkymyzyň arasynda şahyryň dana pikirleri nä derejede hormata mynasyplygynyň gözli şaýady bolýarys, çünki goşgy setirlerini okanyňda ýüreklere em, argyn bedenlere kuwwat, sussupese ruhy ganatdyr berýär.
Onda şahyryň dünýägaraýşy boýunça kämil ynsan kimdir? Akyldar şahyrymyz kämil ynsany “Gerekdir” goşgusynda ajaýyp sypatlary özünde beslän ýigitleriň söweş meýdanyna gaplaň kimin arlap, bürgüt dek ganat kakyp, böri kimin topulyp biljekdigini, duşmandan aýy kimin asylyp, oňa gurt oýnuny gözkezip bilmelidigi belleýär. Mert ynsanlara zerur gylyk-häsiýetleri, sypatlary görkezýän goşgulary mert, batyr goç ýigitleriň söweşde ýakasyny tanadyşlary ýaly, zähmetde hem görelde bolmaklaryny nygtaýar:
Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli,
Göwresi giň gerek, özi pähimli,
Giň ýerde garga deý bolsun wehimli,
Ýerinde hünäri, işi gerekdir diýip, akyldar şahyrymyz “kämil ynsany” mertligi bilen tapawutlandyryp, jan gulagynyň eşitmegi, jan gözüniň görmegi bilen baglanyşdyrýar. Kämil adam ýaşyna, daşky-keşbine görä däl-de eýsem, hakykaty eşidip we görüp bilýän adam, kämil ynsandyr onuň dili-de hakykaty sözlär. Şahyr jan gulagy eşitmeýäni “ker”, jan gözi görmeýäni “kör” diýip, hakykatyň sözleri gözi görmez, gulagy eşitmezler üçin hoş nesihatdyr ýaly jümleler birnäçe goşgularynda eriş-argaç bolup geçýär:
Älemi göterse ebriň awazy,
Eşitmez ker pakyr sesi näbilsin!
Bir gözli diýmese, garadyr, akdyr,
Kör pakyr kümüşi, misi näbilsin?! ýa-da:
Kişi sözlemeýen, syry paş olmaz,
Ýagşydan ýamandan aňlan ýaş olmaz.
Şahyr goşgy setirlerinde kämil sözüň - tejribeli, kemally manysyny ulanýar hem-de birnäçe keşpleriň üsti bilen goşgy setirlerinde jemlenýär. Adamzat taryhynda mertligiň, gaýduwsyzlygyň, batyrlygyň asyl nusgasyny galdyran beýik syýahatçy serkerdäniň keşbi ençeme goşgularynda gozgalýar. “Pisat” goşgusynda dünýäni alan Aleksandr Makedonskiniň keşbini şeýle görkezýär:
Isgender dälmidi jahany alan,
Hany, gözläň, diýiň kim ondan galan.
Bu pany jahanyň teşwüşi ýalan,
Bahyllara uly yzzat dünýädir!
Akyldar şahyr durmuş pelegiň agyrdygyny, dünýä at-owazynyň älemi ýaň salan mert ärleriň, patyşalary aýtmak bilen hiç bir zadyň ebedi däldigi goşgularynda eriç-argaç bolup eda edilýär:
Hany, ol Isgender, dünýäni alan,
Rüstem-u-Zal ötdi- gylyjyn çalan.
Hezret Aly atasyna zor salan,
Mertler wepat boldy, pälwan göterer.
Umida JELILOWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw
mekdebiniň iňlis dili mugallymy