Beýik ýeňiş - mizemez Watan
2851941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda öz janyndan geçip, ömrüni, ýaşlygyny bagyş edip, Watan üçin baş goýan gerçeklerimiz, durmuşyň kynçylyklaryna döz gelip, güzaply zähmetlere, agyr işlere per bermän tylda galan zähmetkeşleriň, ýar ojagyna wepadarlygyň beýik nusgasyny görkezen enelerimiziň, çagalygyň aladasyz, şirin günlerinden jyda düşen balalaryň sarpasynyň belent, sylagynyň uludygyny görmek buýsançly. Watanyna jany-teni bilen berlen türkmen gerçek ýigitleriniň gahrymançylykly ýoly ýaş nesilleriň geljegini aýdyň çyrag bolup nurlandyrdy.
“Ýeňiş güni adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, nesillerde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny dabaralandyrýan senedir” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli hormatly uruş weteranlaryna we türkmen halkyna iberen Gutlagynda belledi.
Merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir.
Umida JELILOWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw
mekdebiniň iňlis dili mugallymy