Bildiriş. “Açyk gapylar” güni.
556Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi 2024-2025 – nji okuw ýylynda mekdebimize okuwa girmek isleg bildirýän ýaşlar üçin “Açyk gapylar” gününiň geçiriljekdigini habar berýär. “Açyk gapylar” güni 2024-nji ýylyň 23-nji we 30-njy maýynda mekdebimiziň okuw binasynda ýerleşýän mejlisler zalynda sagat 14.00-da başlanýar. Mekdebimiziň otaglaryny görüp bilerler hem-de okuw mekdebimizde taýýarlanýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, ylmy, bejeriş we medeni-köpçülik işleri bilen tanyşdyrylar.
Mekdebimiziň salgysy: Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 (322) 2-21-19/ 2-21-64,