Öwrenmek, döretmek ata Watanda - Parahatlyk hukuk ösüş ýolunda
2811992-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy – Baş Kanuny kabul edildi. Ol işlenip düzülende dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň tejribesi, şeýle hem türkmen halkynyň däp-dessurlary, milli özboluşlylygy we aýratynlyklary nazarda tutuldy. Konstitusiýada Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň esaslary, raýatlaryň esasy hukuklary, azatlyklary hem borçlary, häkimiýet we dolandyryş edara¬lary, saýlaw ulgamy aýdyň kesgitlenildi. Konstitusiýanyň 1-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistan – demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwleti dolandyrmak prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar. Türkmenistan öz çäklerinde hökmürowandyr we bütin häkimiýete eýedir. Ol içeri we daşary syýasaty özbaşdak amala aşyrýar. Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy we eýeleýän meýdany bitewidir hem bölünmezdir. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynda «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakynda kararnama kabul edildi. Şol ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk maslahatynda Konstitusiýa üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. 1-nji maddada «Türkmenistan kanun esasynda hemişelik bitaraplyk derejesine eýedir... Dünýä Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar» diýlip nygtaldy.
Konstitusiýada Türkmenistana demokratik, hukuk we dünýewi döwlet diýilmegi, sözüň giň manysynda döwlet gurluşynda alnan ugruň we belent maksatlaryň aňladylmasydyr. Türkmenistanda demokratik döwlet gurmak işi halkyň tejribesine, goldawyna we işeňňir gatnaşmagyna esaslanýar. Ol ählumumy demokratik ýörelgelerden üzňe däldir. Hukuk döwletiniň kemala gelmegi düýpgöter täze hukuk ulgamynyň döredilmegi bilen baglanyşyklydyr. Hukuk döwletinde hukuk döwletden rüstem bolmalydyr. Öňki döwürde bolsa bu tersinedi. Raýatlyk azatlyklary we hukuklary jar edilse-de, äsgerilmän, kähalatlarda bolsa kemsidilipdi. Hukugyň döwletden rüstem bolmagyny gazan¬mak häzirki wagtda amala aşyrylýan hukuk özgertmesiniň özenidir. Dünýewi döwlet barada aýdylanda bolsa, onda din döwletden aýry-aýrydyr we döwletiň işlerine gatyşmaly däldir. Döwletiň bilim ulgamy dini birleşiklerden aýrydyr we dünýewi häsiýe¬te eýedir. Dünýewi döwletde raýatlyk hukuklary we azatlyklary agdyklyk etmelidir.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda döwletiň we raýatyň biri-birleriniň öňünde deň derejede jogapkärlikleri şeýle tekrarlanylýar: «...jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr”. Döwlet raýatyň öňünde jogapkärdir. Ol şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini we azatlygyny, şahsyýetiniň eldegirilmesizligini, tebigy hem mizemez hukuklaryny goraýar. Her bir raýat öz üstüne Konstitusiýanyň we kanunlaryň ýükleýän borçlaryny ýerine ýetirmekde döwletiň öňünde jogapkärdir». Türkmenistanyň Konstitusiýasy adamlaryň we raýatlaryň dürli görnüşli hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýär.
Umida JELILOWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw
mekdebiniň iňlis dili mugallymy