Sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmek-baş wezipe

135
Watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn hem-de terbiýeli ýaş nesilleri kemala getirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan anyk kesgitlenen wezipeleriň biridir. Ýaş talyp-ýaşlarymyzyň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan ruhy-ahlak hem-de medeni gymmatlyklary dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak, höweslendirmek milli syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, temmäkiniň dolanşygyna we ýaýradylmagyna garşy göreşmek maksady bilen, hem-de Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” tassyklamak boýunça Karary we “Türkmenistanyň Prezidentiniň Saglyk Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini ýerine ýetirmek boýunça 2021-2025 ýyllarda edilmeli işleriň meýilnamasyny”, şeýle hem “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek boýunça, Türkmenistanda ýokanç däl kesellere, olaryň agramly bölegini düzýän howply täze döremelere garşy netijeli göreş alnyp barylýar. Bu bolsa jemgyýetiň saglygyna howp salýan çilimkeşlige garşy göreşi netijeli,yzygiderli we köpçülik bilen amala aşyrmak boýunça öňüni alyş işlerini ýokary depginde geçirmek bolup durýar. Çilimiň adam bedenine, saglygyna ýetirýän zyýany has uludyr. Halk arasynda çilimkeşler barada “Çilimkeşiň hem içi ýanar, hem daşy” diýen aýtgynyň döremegi tötänden däldir. Temmäki tüssesinde 4 müňden gowrak himiki madda (aglabasy zäherli) bolup, olar adam bedenini hem içden,hem-de daşdan zäherleýärler. Çilimiň tüssesiniň diňe bir çilimkeşiň däl, eýsem, onuň daş-töweregindäki adamlaryň hem saglygyna zyýan ýetirip bilýändigi mälimdir. 
                                                  

Güljahan ILAMANOWA
 Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk
 orta okuw mekdebiniň taryh mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19