Ylym köp ömür az, geregiňi al - daşa ýaz
216Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda her bir döwletiň we jemgyýetiň şu günki we geljekki ösüşleri üçin ylym zerur şertleriň biridir. Ýaş alymlaryň ylmy işleriniň netijeleri we ylmy oýlap tapyşlary döwletimiziň we halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilmelidir. Bu wezipe ylym dünýäsine gadam basan hem-de öz Watanyny jany-teni bilen söýýän, päk ahlakly, kämil häsiýetleri bilen özlerini tanatjak her bir ýaş alymyň belent borjy we baş maksadydyr.
Ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň amala aşyrylmagy aňly-düşünjeli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek bilen bagly meseleleri içgin üns bermeklidigine çagyrýar. Mekdebimiziň mugallymlary we höwesli talyplarymyz bilen birnäçe ylmy-barlag işlerini bilelikde alyp barýarys. Bu barlag işlerine talyp ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ösmegine hem-de ylmyň has-da dabaralanmagyna mynasyp goşant goşýar. Ylmy gurnaklarda talyp ýaşlary watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek hem-de olarda ylma we döredijilik işine gyzyklanma döretmek boýunça wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen bilim, ylym syýasatyny has-da kämilleşdirmek, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyklykda ýola goýmak, döwrebap okuw kitaplaryny, okuw gollanmalaryny neşir etmek, dünýäde ylmyň iň soňky gazanan täze tehnologiýalaryny, okuw-tehniki enjamlaryny ylym-bilim ulgamlaryna ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň günsaýyn rowaçlanýandygynyň şaýady bolýarys. “Men halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşlaryny ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmeginde görýärin” diýip nygtaýan döwlet Baştutanymyz bilimi döwletiň ykbalyny, onuň sazlaşykly we üstünlikli öňe gitmegini kesgitleýän güýç hökmünde häsiýetlendirýär.
Umida JELILOWA
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk
orta okuw mekdebiniň iňlis dili dersiniň mugallymy