Halk döredijiligi — egsilmez hazyna

160

Halk döredijiliginiň jümmüşinde egsilmez hazyna ýatyr. Milli lybaslarda, şaý-sepler bilen bezelen gyzlarymyzyň halk döredijiliginden ýerine ýetirýän läleleri, hüwdüleri, monjugatdy oýunlary, küştdepdi tans sungaty, hymmyllary, «Çapak», «Haý öleň», «Şykga-şykga bilezik» ýaly gazallary, ýerine ýetirýän tanslary gönüden-göni saglyga täsir edýän hereketlere beslenendir.

Toýlarda ýerine ýetirilýän hereketli pursatlaryň biri bolan «Gelne baş salmak» däbinde gelin-gyzlarymyzyň gyz tarapy, gaýyn tarap bolup güýç synanyşmaklary özboluşly hem-de gyzykly.

Halk döredijiliginde ynsan saglygy bilen bagly birnäçe aýtgylar, nakyllar, tymsallar hem bar: «Giç ýat-da ir tur, alty pişegi artyk ur», «Ýüz görmedik ýüzi ýeňer, ýüwrük — düzi», «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» ýa-da «Läle kakan bilen gopuz çalana damak keseli bilen diş agyrysy gelmez», «Hymmyl oýnasaň, iç-goş sagdyn bolar».

Il arasynda gyzamyk çykaryp bilmeýän çaga dutaryň sapyny dişledip saz çalnanda, gyzamygyň örýändigi, saz, söz we hereket bilen gyzamygy bejerip bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Lälelerde bolsa el kakuwy bilen boýun boşlugynyň gan aýlanyşygynyň sazlaşmagy netijesinde, edilýän hereketiň zenanlaryň saglygyna uly täsiriniň bardygyny aňladýar. Halk döredijiligindäki matallaryň ynsan paýhasyny çuňlaşdyrmak bilen bir hatarda, ýatkeşligiň ýitileşmegine-de täsiri bardyr.

Türkmen halk döredijiliginde dessanlar, ertekiler hem gönüden-göni öz diňleýjisine akyl-paýhasly bolmagy, sagdyn-durmuş ýörelgesine eýermegi öwredýär.

Serwi BEGLIÝEWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk 
orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Internet çeşme: https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/22/articles/151425

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19