Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet

128

Ýurdumyzda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa hem-de ony ýerine ýetirmegiň meýilnamasy boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şoňa laýyklykda, Watanyň geljegi bolan ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamaklaryny gazanmak nukdaýnazaryndan şu düzgünleri berjaý etmek möhümdir :

— çagalaryň we ýetginjekleriň iýmitlenişini dogry we talabalaýyk gurnamak;

— tiz zaýa bolýan önümleri sowadyjyda saklamak, zaýalanma alamatlary bolan we möhleti geçen iýmit önümlerini ulanyşdan aýyrmak;

—  çagalar edaralarynda çagalaryň bedenini taplamagyň çärelerini we beýleki bedenterbiýe maşklaryny, sport çärelerini yzygiderli geçirmek;

—  kiçi ýaşly çagalary irden sagat 10-a çenli gezim etdirmek, içimlik arassa agyz suwuny mydama ýanlarynda saklamak, Günüň gyzan wagtynda daşa çykmazlyk, ýeňil pagta süýümli, açyk reňkli eşikleri, gorag başgaplaryny geýmek we äýnekleri dakynmak;

— düzüminde kofein saklaýan we gazly suwlary içmekden saklanmak;

— otaglarda çygly arassaçylyk işlerini geçirmek we olary wagtly-wagtynda ýelejiretmek.

Durmuşymyzyň  gül-gunçalary, geljegimiz bolan ýaş nesilleriň döwrebap okamagy, hünär öwrenmegi hem-de olaryň ata Watana, il-halkyna wepaly ynsanlar bolup ýetişmegi babatda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri rowaç bolsun!

Aýsoltan ATAJANOWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk 
orta okuw mekdebiniň mugallymy.

Internet çeşme:  https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/22/articles/152374 

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19