Arkadag sahawaty-röwşen geljegiň kepili

261
Toýlary toýa ulaşýan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny goramak baradaky aladalarynyň netijesinde häzirki wagtda döwrebap saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenip düzülen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan sahawatly işlerini uly buýsanç bilen bellemek gerek. Daşoguz welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň önümi bolan “Dialig goşmak” kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi il saglygy hakynda uly aladalaryň aýdyň nyşanydyr. Şanly waka mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäresine gaznanyň serisdeleriniň hasabyna bejergi alan bagtyýar nesilleriň hemde olaryň ata-eneleriniň gatnaşmagy has-da täsirli boldy.Bilşimiz ýaly gaznanyň serişdeleriniň hasabyna saglygyny dikelden welaýatymyzyň,ýurdumyzyň bagtyýar nesilleriň we olaryň ata- eneleriniň turkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadygymyza alkyşlary bimöçberdir.Biziň mekdebimiziň talyp ýaşlaryna hem bu berlen sowgatlar üçin hormatly Prezidentimize öz ýürek buýsançlaryny we Alkyşnama aýtmak bilen beýan etdiler. Munuň şeýledigini döwrebap lukmançylyk enjamyny sowgat berilmeginiň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar.Bu enjam böwrek ýetmezçiligi bilen bagly keselleriň öňüni almakda we bejermekde örän uly ähmiýete eýedir.Günsaýyn beýik ösüşler bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda ynsan saglygy barada alada ilkinji nobatda durýar.”Il saglygy –ýurt baýlygy”diýen parasatly jümläni ýörelge edinen halkymyz saglyga aýratyn uly gadyr goýýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: “Saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler dowam etdiriler. Täze-täze hassahanalar , bejeriş-sagaldyş edaralary gurlup , döwrebap lukmançylyk enjamlary we derman serişdeleri bilen üpjün ediler” diýip belleýär. Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen lukmançylyk desgalarynyň ikisiniň- köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda tutumly işleriň durmuşa geçirilýänliginiň aýdyň beýanydyr. Daşoguz şäherinde açylyp ulanylmaga berlen täze hassahanalar ajaýyp binalary hem-de innowasion lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilişi boýunça häzirki zamanyň iň bir döwrebap saglyk merkezleridir. Bir wagtda lukmançylyk desgalarynyň ikisiniň açylyp ulanmaga berilmegi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary mümkinçiliklere eýe bolmagy üçin döwlet tarapyndan köp mukdarly serişdeleriň sarp edilýändiginiň netijesidir. Daşoguz welaýatynyň merkezinde gurlup ulanmaga berlen 450 orunlyk köpugurly we 150 orunlyk onkologiýa hassahanalary daşary ýurt döwletleriň öňdebaryjy kompaniýalarda öndürilen lukmançylyk enjamlarydyr serişdeleri bilen üpjün edildi. Döwrebap enjamlara ezberlik bilen erk etmegi başarýan hem-de ynsan saglygynyň inçe syrlaryna içgin düşünýän lukmanlar bolsa bu ýere saglygyny dikeltmäge gelýänleri güler ýüz bilen garşylaýarlar. Hormatly Prezidentimiziň belleýsi ýaly, bu hassahanalarda zähmet çekýän hünärmenleriň ählisi ýurdumyzyň merkezi lukmançylyk edaralarynda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, şeýle-de Türkiýe,Russiýa  ýaly döwletleriň öňdebaryjy klinikalarynda öz ugurlary boýunça birnäçe gezek kämilleşdiriş okuwlaryny geçip, tejribe toplan lukmanlardyr. 
  Şeýle ajaýyp döwrebap lukmançylyk hassahanalaryny we lukmançylyk  enjamyny sowgat beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il saglygy babatda durmuşa geçirýän beýik işleri diňe üstünliklere beslensin. 


Güljahan ILAMANOWA
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk
orta okuw mekdebiniň taryh mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19