“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ylmy gadamlary” atly ylmy-amaly maslahaty
308Hormatly Prezidentimiziň, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda jan Watanymyzyň her bir güni toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak şanly senelere beslenýär. Ine, şeýle şanly seneleriň biri hem “Ylymlar güni”. Şu ajaýyp pursat mynasybetli ylym-bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleri, täze tehnologiýalary, sanly ulgamy beýan edýän sergini, mekdebimiziň mugallymlarynyň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda alyp bardyk.
Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda taryhda öçmejek yz goýan alymlaryň yzyny dowam etdirmek ähli şahsyýetiň kalbynda beslän päk arzuwydyr. Belent wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegin-de döwrebap pikirlenip başarýan, giň dünýägaraýyşly, çuňňur bilimli, hakyky watansöýüji nesil bolup ýetişmelidiris. Jelaleddin Rumynyň belleýşi ýaly: “Adamyň ylmy we edebi, elindäki bolan iň uly gymmatlygydyr, könelmez, çüremez, ýitip ýok bolmaz”. Ylymly adam aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn bolup ýetişýär. Halkymyzyň geçmişini bilýän, döwletimiziň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, buýsanýan, ylymly-bilimli, berkarar Watanmyzy has-da beýgeltmäge ukyply hakyky watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmek biziň baş maksadymyzdyr. Gündogaryň beýik alymy Muhammet Gazaly şeýle diýýär: “Amalsyz ylym miwesiz agaç ýalydyr” döwletiň we jemgyýetiň pajarlap ösmegini ylym-bilimde gören dana pederlerimiziň her bir amalyň ylym bilen utgaşmagyna gymmatlyk saýypdyr.
Şeýle-de Muhammet Gazaly: “Kim öwrense, öwrenen zadyny amal etse we öwrenen zadyny başgalara öwretse, ol many äleminde beýik adam saýylýar. Onuň mysaly Gün ýalydyr, güniň özi ýagtydyr we başgalara ýagtylyk berýändir. Onuň mysaly hoşboý ysly müşk ýalydyr, müşküň özüniň hoşboý ysy bar we ol özgelere ýakymly ys ýaýradýar. Bilýän zadyny amal etmeýän kişi sahypalary ylymdan doly depder ýalydyr, ýa-da ol çalgy daşynyň mysaly, çalgy daşy pyçagy ýiteldýär, özi bolsa ýitelmeýär.” diýen mysallar getirmek bilen, Ymam Mälik şeýle diýýär: “Ylym, myş-myş ýa-da birnäçe sözden ybarat söz gory däldir. Ylym özüňe peýdaly bolan we amal edilen barlykdyr.” Beýik Pyragynyň “Aýdar Magtymguly: sözüm älemdir, nesihatym uly ile ylymdyr” diýen öwüt-ündewli goşgy setirleri ynsanlary pähimli adamlar bilen iş tutmaga, sagdyn durmuşa, her bir amal--aň-paýhasly çemeleşmäge çagyryş bolup ýaňlanýar. Ýunus Emre Rubagylarda ajaýyp goşgy setirlerinde
Ylym okamak, bilmek,
Kend özüňi bilmekdir;
Kend özüňi bilmeseň,
Ýa niçe okamakdyr,
diýen ýaly jümleler bilen jemleýär.
Ylmy ar eýlemäň eý jan dostlarym
Ylmy ar eýleýän miwesi bolmaz
Gije gündiziňi sarp et ylmyň amalyn
Ylymdan zyýada gözel kär bolmaz.
diýilen şahyrlarymyzyň ajaýyp goşgy setirlerinden ugur alyp, her bir talybyň wagtyny boş geçirmän, okuwyndan daşary bir gurnagyň agzasy bolup, özüni hemişe kämilleşdirmeli, bilim ulgamynda ýetilýän belent sepgitler bilen aýakdaş gitmelidir.
Galkynan göwünler, bagtyýar döwürler, ykballaryň ajaýyp pursatlary bilen utgaşyp, her bir raýatyň ýatdan çykmajak taryhy wakalary janlandyrýan, Hormatly Prezidentimiz biz ýaşlara bildirýän ynamyny ödäp, ata watanymyza ak ýürekden zähmet çekmek, her birimize buýsanç, uly bagtdyr. Pursatdan peýdalanyp ähliňizi “Ylymlar güni” bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Hormatly Prezidentimize, milli Liderimize berk jan saglygyny, abadan we bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň alymlaryna döredijilik äleminde de täze açyşlaryň, üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýärin!
Umida JELILOWA
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk
orta okuw mekdebiniň mugallymy.