Talyp ýaşlaryň baýramçylyk dabarasy
63Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2024-nji ýyl “Pahim payhas ummany Magtymguly Pyragy ” ýylynda “Bilimler we talyp ýaşlar” güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy biziň Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebimizde uly şatlyk-şowhun bilen dabaraly ýagdaýda geçirildi. Baýramçylyk lybasynda bezelen lukmançylyk mekdebiniň howlusynda geçirilen bu dabara talyplyk ýyllaryna ilkinji gadam basan talyp ýaşlar üçin hakydalarynda hemişelik galjak ýakymly ýatlamalara öwrüldi. Dabarany lukmançylyk orta okuw mekdebiniň direktory B.G.Muradow açyp, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri,Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde döwletimizde ýaşlaryň sagdyn ösmegi, çuňňur bilim we mynasyp edep-terbiýe almagy, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilýändigini aýratyn nygtap, täze okuw ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli mugallymlary we talyp ýaşlary tüýs ýürekden gutlady. Soňra Daşoguz welaýatynyň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy, B.O. Rejepow Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarynyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen gutlag hatyny okap berdi. Mekdebiň baýry mugallymy, S.K. Nepesowa, lukmançylyk mekdebimiziň 1-nji ýyl talyby Abdullayewa Sahnozanyň “Bilimler we talyp” ýaşlar güni mynasybetli gutlag sözlerini we ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Mekdebiň simwoliki açarynyň gowşurylyş pursatlary baýramçylyk dabarasynyň gyzygyny has-da artdyrdy. Soňra lukmançylyk mekdebiniň çeper höwesjeňlerini taýýarlan çykyşlary, aýdym-sazlaryň, talyp joşgunlary buýsaçly belentden ýaňlandy. Diýseň gyzykly we täsirli, tolgundyryjy pursatlara baý bolan baýramçylyk dabarasy Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzy, bedew bady bilen ösüşleriň täze sepgitlerine sary öňe alyp barýan, Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýolun dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny, türkmeniň röwşen geljegini nazarlap tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edilip, Türkmenistan watanymyza, Hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny kabul etmeklik bilen tamamlanyldy.
Aýjan BAÝJANOWA
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy