Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy
70Şu günler ýurdumyzda dowam edýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk mynasybetli biziň mekdebimiziň umumy ýaşaýyş jaýynda talyplar bilen wagyz-nesihat maslahaty guraldy. Bu wagyz-nesihat maslahatyna mekdebimiziň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýyl geçirilýän biraýlyk guwandyryjy netijelere beslenýär. Munuň özi jemgyýetçilik edebiniň ilkinji şertleriniň biridir.Köçe-ýol hereketiniň kadalaryny talabalaýyk berjaý etmek bilen herekete ähli gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmak her birimiziň jana-jan borjumyzdyr, maşgalamyzyň abadan, ömrümiziň rahat bolmagynyň özümize baglydygyny, köçe-ýollary bellenilen ýerlerden seresaply kesip geçmegi, pyýada ýolagçylara niýetlenen ýodajyklardan ýöremegiň düzgünlerini, umuman, köçe-ýollarda hemişe hüşgär bolmagy talyp ýaşlarymyza öwüt-ündew edildi.
Güljahan ILAMANOWA
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy