Beýik geçmişden-buýsançly geljege.

90
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli medeniýetimiz uly ösüşlere eýe bolýar. Garaşsyz Watanymyzda milli taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak we öwrenmwk, türkmen halkynyň baý medeniýetini dünýä ýüzünde wagyz etmek, her bir raýatyň milli medeniýetiň gymmatlyklaryna elýeterliligini üpjün etmek boýunça giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ynha bu gün hem, biziň Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler zalynda “Medeni miras geçmişden geljege tarap” atly ylmy-amaly maslahat geçirdi. Bu maslahatda “Taryhy-medeni gymmatlyklaryň üsti bilen ýaşlary terbiýelemek” diýen temada mugallym G.Ilamanowa, “Magtymguly sözüm gysga,şerhi köp” diýen temada mugallym J.Wellekowa, “Ýaşlarda ruhy dünýägaraýyş gymmatlyklarynyň kemala gelmeginde sungatyň, diliň we däp-dessurlaryň orny, ähmiýeti” diýen temada A.Baýjanowa, “Entornal melody about Motherland” diýen temada talyp O.Baýramowa, “Hormatly Prezidentimiziň göreldesi – ýaşlaryň ýörelgesi” diýen temada talyp A.Maksatowa dagylar özleriniň ylmy makalalary bilen çykyş etdiler.  Ylmy-amaly maslahatdan soňra mugallymlar we talyp ýaşlar muzeýe syýahat etdiler. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy, taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmeklige we gorap saklamaklyga aýratyn ähmiýet berilýändigi öz beýanyny tapdy. Amaly maslahatdan soň sergä syýahat etmek mekdebimiziň mugallymlaryna we talyplaryna uly täsir galdyrdy. Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri we medeni mirasynyň gymmatlyklary Berkakar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesli ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerinde, ruhy-ahlak sypatlarynda terbiýelemekde örän uly ähmiýete eýedir. Merdana halkymyzyň kalbynyň aýnasy hasaplanýan taryhymyzyň nesil terbiýesine bagyşlanan beýik işleriň durmuşa geçirilmeginde, jemgyýetçilik ahlagynyň , ata-babalarymyzyň ýörelgelerine hormat goýýan ýaşlaryň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň kemala getirilmeginde ähmiýetli orny bardyr. Milli ruhda, ata-babalarymyzdan miras galan ýol-ýörelgelere wepaly, watansöýüji ýaşlary terbiýelemekde şeýle mazmundaky medeni çäreleriň ähmiýeti örän uludyr. 

Güljahan ILAMANOWA 
                                  Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
taryh mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19