Medeni miras: geçmişden geljege tarap

110

Halkymyzyň baý geçmiş taryhyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde geçiren ylmy-amaly maslahaty täsirli pursatlara baý boldy. «Medeni miras: geçmişden geljege tarap» diýen şygar bilen welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen maslahatda çykyş edenler gadymy ýadygärliklerimiziň häzirki wagtda giňden öwrenilýändigini, taryhy ýadygärliklerde geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň ata Watanymyzyň baý geçmiş taryhyndan habar berýändigini bellediler

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler milli medeni mirasymyzy öwrenmekde ylmy garaýyşlaryň we pikirleriň örän uly ähmiýete eýedigini belläp, bu ugurda iş alyp barýan alymlaryň işleri barada durup geçdiler.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki wagtda milli mirasymyzyň ähmiýetini ýaşlara wagyz etmekde we düşündirmekde ylmy maglumatlaryň we gymmatly tapyndylaryň uly ähmiýetiniň bardygy barada buýsanç bilen nygtaldy.

Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar bu ýerde baý geçmiş taryhymyza degişli guralan sergi bilen hem ýakyndan tanyşdylar. Maslahatyň dowamynda milli mirasymyzy galkyndyrmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy arzuw edildi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/22/articles/165543 



Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19