DERMANLYK ÖSÜMLIKLERINIŇ GADYMY MEKANY

71

Hormatly Prezidentimiz raýatlaryň saglygy barada yzygiderli aladalar edýär. Ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň gurulmagy, saglygy dikeldiş şypahanalarynyň durky täzelenilip, olaryň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi, sport desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Arkadagly Serdarymyz adamlaryň saglygyny berkitmekde we dikeltmekde derman ösümlikleriniň hem uly ähmiýete eýedigini hemişe nygtap geçýär.

Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik kitaplary muňa doly güwä geçýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz kitabyny 2010-njy ýylda ýazmaga girişdi. Şol ýyl «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň» 1-nji jildi on bäş müň nusgada çap edildi. Onuň Türkmenistanda ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri barada ýazylan uly göwrümli, çuň manyly, giň halk köpçüligi üçin niýetlenen örän uly ylmy çeşme bolandygyny nygtasym gelýär.

Gahryman Arkadagymyz kitabyň döreýşi barada şeýle diýýär: «Bu kitap meniň mukaddes ene süýdi bilen aňyma ornaşan ene topragymyza we mähriban halkymyza hem-de ata-babalarymyzyň bize galdyran mirasyna bolan çuňňur söýginiň netijesinde döredi». Kitabyň esasy maksadynyň lukmanlara, çig mal ýygnaýjylara we saklaýanlara, okyjylar köpçüligine derman ösümlikleri boýunça öz bilimini artdyrmaga kömek bermekden ybarat bolup durýandygyny Gahryman Arkadagymyz nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda geçmişde uly meşhurlyga eýe bolan lukmanlarymyzyň kitaplarynyň terjime edilip halk köpçüligine ýetirilendigini hem belläp geçýär.

2004-nji ýylda ençeme ýyllap gadymy Köneürgençde ýaşan meşhur lukman Abu Ali Ibn Sinanyň alty tomluk «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly ensiklopedik kitabynyň çap edilendigini, onda 1500 sany ösümlikleriň, haýwanlaryň dermanlyk häsiýetleri barada, şol dermanlyk ösümlikleriň 800-e golaýynyň bolsa heniz hem giňden ulanylýandygy hakynda gürrüň berýär. 1995-nji ýylda Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň (Jürjany) «Tebipçiligiň ýan kitaby» atly kitaby türkmen dilinde çap edildi. Kitapda 200-den gowrak dermanlyk ösümlikleri barada gymmatly maglumatlar berilýär. Bu meşhur alymyň Köneürgenç soltanlary Tekeşiň we Atsyzyň şahsy lukmany bolup işländigini hormatly Prezidentimiz belleýär.

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitaplarynda milli Liderimiz ýurdumyzda ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary halk lukmançylygynda ulanmagyň usullary barada gymmatly maglumatlary berýär. Ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendigi hakynda aýdylýar. Ýurdumyzda ösýän dermanlyk otlaryň endemiki ösümlikler, ýagny dünýäniň hiç bir ýerinde duş gelmeýän ösümliklerdigini hormatly Prezidentimiz aýratyn nygtap geçýär. Kitaplarda hem dermanlyk ösümlikleriň suratlary, häsiýetnamalary, himiki düzümi, saklanylyşy, dermanlyk gory, peýdalanylyşy barada gyzykly, sada, düşnükli edilip gürrüň berilýär, rowaýatlardyr tymsallar, meşhur alymlaryň ylmy işlerinden mysallar getirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu kitabyny ýazmakda örän köp sanly alymlaryň ylmy derňewlerinden peýdalanypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän dermanlyk ösümlikleriň ylmy ensiklopediýasy diňe bir türkmen okyjylarynda däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginde hem uly gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ylmy-ensiklopedik kitaby dünýäniň onlarça dillerine terjime edilip, millionlarça okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Gahryman Arkadagymyzyň köp zähmet çekip ýazan bu köp jiltli gymmatly kitaby diňe bir ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň ösdürilmeginde däl, eýsem, dünýä fitoterapiýasynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem uly goşantdyr. Bize şeýle ajaýyp kitaplary sowgat berýän, halkynyň saglygy barada gije-gündiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ogulgözel AMANOWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň 

Farmakologiýa dersiniň mugallymy.

https://tyy-news.gov.tm/post/2731 

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19