Baýramçylyk mynasybetli-görelde sapagy

117
Pähim-paýhas ummany  - Magtymguly Pyragy ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanda milli bilim, ylym, saglygy goraýyş  ulgamlaryny hem-de orta we ýokary okuw mekdep ylmyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar. 
     Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly , milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ägirt uly ylmy mümkinçilikleri bolan giň dünýägaraýyşly we täzeçil tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, maksada okgunly ýokary hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde ähli zerur tagallalar edilýär. 
    Berkarar döwletiň täze eýýämynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramçylygynyň dabaraly bellenýän günlerinde  Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebimizde hem dabaraly çärelere  baý boldy. 
    Türkmenistanyň taryhy dersiniň mugallymy Güljahan Ilamanowa Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary dersinden Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň günine we Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygyna bagyşlap görelde açyk sapagyny geçirdi. 
    Sapakda ýurdumyzda bolup geçen syýasy täzelikler barada, ýagny, Gahryman Arkadagymyzyň her ýyl lukmanlaryň hünär baýramçylygyna “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň  bir jildini peşgeş bermeginiň asylly däbe öwrülendigini,  şu ýyl hem XVI jildini peşgeş berendigi baradaky hoş habary  talyplara buýsanç bilen ýetirdi. Söhbet sapagynda täze kabul edilen kanunlar, maşgala mukadessligi, Maşgala kodeksi we ata-babalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän maşgala gymmatlyklary, maşgalada ene-atalar bilen çagalaryň arasynda ýüze çykýan gatnaşyklary barada gürrüň edildi. Görelde açyk sapagynda geilen tema barada wideoşekiller, suratlar, prezentasiýalar bilen has-da  baýlaşdyrylyp, ýatda galyjy we täsirli pursatlara baý boldy. 
                                       

                                                                        Gurbansoltan eje adyndaky                         
                                                                        Daşoguz lukmançylyk orta okuw 
                                                                        mekdebiniň 
                                                                        Türkmenistanyň  taryhy dersiniň 
                                                                        mugallymy  Jeren Wellekowa

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19