Ylmy – amaly maslahat

124 Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik köp jiltli kitabynyň häzirki zaman milli lukmançylygyndaky orny atly ylmy – amaly maslahat
        2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 10-ynda  Gurbansoltan eje  adyndaky  Daşoguz  lukmançylyk   orta  okuw  mekdebiniň  jemgyýetçilik  guramalarynyň   gurnamagynda  ,,Gahryman  Arkadagymyz  Gurbanguly  Berdimuhamedowyň   ,,Türkmenistanyň  dermanlyk  ösümlikleri’’  atly  ylmy-ensiklopediki,    köp  jiltli  kitabynyň  häzirki  zaman  milli  lukmançylygyndaky  orny’’   ylmy-amaly  maslahat  geçirildi.  Saglygy  goraýyş  işkärleriniň  gününe  bagyşlanyp  geçirilen  bu  dabarada  Daşoguz  Onkologiýa  hassahanasynda,  lukmançylyk  orta  okuw mekdebiniň  talyplarydyr,  mugallymlarynyň  gatnaşmagynda  ylmy nutuklar  okaldy  we  pikir  alşyldy.    Her  bir  sözi  merjenler  dänesine  deňelýän  bu  kitapda “Dermanlyk ösümikleriň  häsiýetnamasy” we “Maglumatnama”, şeýle-de dermanlyk  ösümlikleriň atlary elipbiý  tertipde  berlip  olaryň  her  biriniň  gowy  reňkli  suraty  ýerleşdirilen. Ösümlikleriň  atlary  üç  dilde – türkmen, latyn,  rus  dillerinde  berilýär. Olara  häsiýetnama  berilende  bütewi  meýilnama  boýunça  häsiýeti  ýaşaýyş  aýratynlygy, ýarawy, tebigy  gory, dermanlyk   çig  maly,  himiki  düzümi, peýdalanylyşy, olardan dermanyň taýýarlanylyşy hem-de  ulanylyşy  beýan   edilýär.  Alym Arkadagymyzyň türkmen  tebigatynyň jana tenekar dermanlyk  ösümlikleriniň  bejerijilik häsiýetlerini ylmy  esasda  açyp görkezmegi dünýä lukmançylyk  ylmynda täze  tejribe boldy.
Ylmy maslahatda  çykyş  edenler, türkmen  halkynyň  Milli  Lideri  Gahryman  Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan  ýazylan, örän gymmatly maglumatlary özünde jemleýän  ylmy ensiklopedik  kitabynyň  saglygy  goraýyş  işgärleri  üçin talyp  ýaşlar  üçin,  häzirki  zaman  milli  lukmançylykda örän gymmatly gollanma ýan  kitap  bolup  durýandygyny  aýratyn  nygtaladylar.
Ogulgözel AMANOWA 
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk 
orta okuw mekdebiniň farmakologiýa mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19