“Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr”

83  Adamzadyň
beýik geljegi parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen bina bolýar. Parahat, asuda,
abadan ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar hem
özüniň gowy netijesini berýär. Gurmak, döretmek, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp
goşandyny goşmak hyjuwy bilen ruhlanýan talyp ýaşlarymyzyň geljekki täze
üstünliklere badalga bolýar. Milli Liderimiz çykyşlarynyň birinde:”Türkmen
ýaşlarynyň bagty çüwdi” diýipdi. Elbetde , şeýle ajaýyp zamanada ýaşaýan
türkmen ýaşlary özlerini dünýäde iň bagtly adam saýýarlar. Ynha bu gün hem,
biziň Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebimizde
“Miras” gurnagynyň çäklerinde, gurnagyň agzalary we mekdebiň ýaş alymlar
geňeşiniň agzalary “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli hemde ýurdumyzda
her ýyl 18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli
çäre gurnadylar. Bu çärede Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiziň
kitaplary Türkmen, iňlis, rus dillerinde labyzly okalyp, “Ak şäherim-Aşgabat”,
“Dünýäniň merjeni-Aşgabadym” atly mowzuk bilen ýurdumyzdaky gözel binalara,
talyplaryň çeper elleri bilen ýasalan maketlaryna gaýybana syýahat edildi.
Milli Liderimiziň “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” atly
goşgusyny talyplar türkmen, iňlis, rus dillerinde aýdyp, özleriniň gözel
Diýarymyza bolan buýsanjyny aýdyň görkezdiler. Ýaş nesilleri terbiýelemekde bu
kitaplar we goşgular esasy orunda durýar. Bularyň hemmesi mugallymlar, talyp
ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup, ýaşlary bilimli edip ýetişdirmekde, milli
ruhda terbiýelemekde bu ýörelgeleri ösdürmäge ruhlandyrýar. Bu baýramçylyk
mynasybetli geçirilen çäre mekdebimiziň mugallymlarynda we talyp ýaşlarynda uly
täsir galdyrdy.
Güljahan ILAMANOWA 
                                  Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
taryh mugallymy


Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19