Parahatçylyk ýoly bilen dünýä dolan Diýarym

39
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýynda Garaşsyz Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Bitaraplygyň 30-ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen 2025-nji ýylyň ýurdumyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýilip yglan edilmegi mynasybetli “Parahatçylyk ýoly bilen dünýä dolan Diýarym” atly  söhbetdeşlik agşamy geçirildi. Agşama Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň terbiýeçisi Tagandurdyýewa Ş. Taryh dersiniň mugallymy Ilamanowa G. Çaga keselleri dersiniň mugallymy Arazmedowa M. we  umumy ýaşaýyş jaýynyň talyp ýaşlary gatnaşdylar. 
Tagandurdyýewa Ş. 2025-nji ýylyň   ýurdumyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” barada ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady   bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp   goşgusyndan  ugur alyp watanymyza wepaly bolup, watanymyzy söýüp. Şatlykly buýsançlary bilen çykyş etdi. Mugallym Arazmedowa M.“Berkarar bolan döwletim jan Watanym Türkmenistan!” atly   çykyşynda ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryndan hasyl bolan Garaşsyz hem Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty asyrlaryň, eýýamlaryň jümmüşinde ýaň salsyn diýip  aýdan ajaýyp sözleri bilen çykyş etdi. Mugallym: Ilamanowa G. “Hemişelik-Bitaraplyk ösüşleriň binýady.” atly  çykyşynda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda “Türkmenistan hemişelik bitaraplygyň” Rezolýusiýalarynda Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny  BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde 185 döwletiň biragyzdan  goldamagy bilen ykrar edilen türkmen Bitaraplygy halklaryň arasynda, dostlyk-doganlyk   köprüsi bolup durýar. Bitaraplyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň   mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr diýip ajaýyp sözleri bilen çykyş etdi.
            I, II, III ýyl talyplary Bekiýewa O, Kakaýewa O, Parahadow D, Işangulyýewa J, Jepbarow Ý talyplar:  Watanyny söýýän adam “Watan üçin” janyny  berýär. Iň uly söýginiň - Watana bolan sögüdigi, aslynda watanperwerlik, kasama   ygrarlyk türkmen halkynyň zandynda bardygy. Hut şonuň üçin hem Gahryman  Arkadagymyz  “Mertler Watany beýgeldýär” - diýýär. Arkadag oguldan penaly zamanada goý  her bir dogýan  günümiz asuda asmanyň asdynda tylla şöhlesini nurly dogsun, Bäş müň ýyllyk taryhy bolan,   Oguz iliniň gadym diýarynda parahatlyk aýdymy ýaňlanyp dursun diýýän ajaýyp sözler bilen çykyşlaryny etdiler.  
Şemşat TAGANDURDYÝEWA
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk 
orta okuw mekdebiniň terbiýeçi

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19