Dabaraly maslahat

54

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň TDIM-niň welaýat boýunça wekilhanasy bilen bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Şu okuw jaýynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahata wekilhananyň işgärleri, mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwletimiziň daşary syýasat strategiýasy işjeň durmuşa geçirilýär, halklaryň arasynda dürli ugurlar babatda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar. Bu günki gün adamzat jemgyýetçiligi üçin parahat ýaşaýşyň hem-de ösüşiň baş ugruna gönükdirilen belent başlangyçlary, ajaýyp teklipleri bilen çykyş edýän ýurdumyzyň halkara giňişliginde orny has-da berkeýär. Munuň şeýledigini BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döwletimiziň başlangyjy esasynda kabul edilen köp sanly Kararnamalaryň mysallary hem doly subut edýär. Şunda türkmen diplomatiýasynyň orny örän uludyr.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly buýsançly şygar bilen halkara hem milli derejede dabaralandyrylýan şu ýyl ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň esasynda alnyp barylýan oňyn daşary syýasatynyň ähmiýetini giňden açyp görkezjek wakalara baý bolar. Şular dogrusynda TDIM-niň welaýat boýunça wekilhanasynyň 3-nji sekretary Enegül Kakajanowanyň, orta okuw mekdebiniň mugallymlary Güljahan Ilamanowanyň,  Aýlar Atakulyýewanyň, talyby Gözel Baýramowanyň çykyşlarynda giňden beýan edildi. Çykyş edenler halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, tutuş dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Daşoguz habarlary  27.02.2025

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/22/articles/183621 

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19