Sport — sagdynlygyň gözbaşy

28

Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek bagtyýar ýaşaýşy üpjün edýär. Ynsan saglygy işjeň hereketden, kadaly iýmitlenmekden ybaratdyr. Şonuň üçin hem geçirýän wagyz-nesihat çärelerimizde sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, esasan hem, sport bilen yzygiderli meşgullanmagy ündeýäris. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň işjeňligine, şähdiniň açyk bolmagyna oňat täsir edýär. Ynsan saglygy üçin möhüm ähmiýete eýe bolan bu ýörelgeler her birimiziň durmuşymyzda kada öwrülmelidir. Sport — sagdynlygyň gözbaşy.

Bedenterbiýäniň we sportuň adamyň akyl zähmetiniň netijeliligine, pikirlenme ukybynyň artmagyna, ýatkeşligine, zähmetde taplanmagyna oňaýly täsir edýändigini bellemek gerek. Şonuň üçin hem Watanymyzyň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanýan sport ýurduna öwrülendigine göz ýetirmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy bilen ýola goýlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp ösdürilýän, köpçülikleýin häsiýete eýe bolan bedenterbiýe we sport hereketi jemgyýetiň işjeňligini artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär. Täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar. Munuň özi nesil sagdynlygyny gazanmakda ähmiýet berilmeli ýagdaýdyr». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ynsan saglygyny goramakda sport esasy orunda durýar. Şeýle hem sport parahatçylyk, dostluk, sagdynlyk we ruhubelentlik ýaly taglymatlary özünde jemleýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagynda, bedenterbiýäniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagynda, ýokary netijeli sportuň we olimpiýa hereketiniň ösmeginde hormatly Prezidentimiziň nusgalyk görelde görkezýändigini aýratyn nygtamak guwandyryjydyr. Munuň özi bolsa sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa ýagdaýyny berkitmek ugrunda edilýän işleriň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Gunça ALLANAZAROWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19