Kämilligiň berk binýady
33Ylymly-bilimli, kämil ýaşlar röwşen geljegimizdir. Ýaşlara ylym-bilim öwretmek parzdyr. Sowatly, ýokary hünär taýýarlygy bolan kämil hünärmenleri ýetişdirmek biziň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda düýpli we oňyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda dürli ugurlardan kämil hünärmenler taýýarlanylýar. Şu maksat bilen, ýurdumyzda orta hünär hem-de ýokary okuw mekdepleriniň ençemesi açylýar. Täze bilim ojaklary dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Bu alnyp barylýan işler bolsa döwletimiziň röwşen geljegini nazarlap, bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyna güwä geçýär.
Häzirki döwürde ylmy has-da ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar ylym-bilim ulgamynda giňden peýdalanylýar. Häzirki wagtda ýaş alymlaryň dürli ugurlar boýunça iş alyp barýandyklaryny bellemek bolar. Olar özleri üçin döredilen şeýle ajaýyp mümkinçilikden peýdalanyp, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler. Bu bolsa ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny baýlaşdyrmaga we kämilleşdirmäge saldamly goşant goşjak ýaş alymlaryň hataryny artdyrýar. Multimedia-interaktiw usullarynyň ýola goýulmagy amala aşyrylýan ylym-bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dowam etdirilýär. Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, sanly ulgamyň amal edilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Durmuşa geçirilýän işler ylmy esasda guralýar, sazlaşykly ýola goýulýar. Ylmyň iň täze gazananlary bolan innowasion tehnologiýalar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi döwrüň beýik ösüşlere beslenýändigini, uly üstünliklere eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen jemgyýetiniň durmuşyna täzeçe röwüş çaýýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler çuňňur many-mazmuna eýedir. Şeýle beýik işler watandaşlarymyzy nobatdaky üstünliklere we rowaçlyklara ruhlandyrýar. Goý, şeýle il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli beýik işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!