Bagtdan paýly gözeller

36
Halkara zenanlar güni mynasybetli “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Daşoguz welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Hany bakaly gyzlar atly” aýdym-sazly bäsleşikler guraldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtly talyp gyzlarynyň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen guralan bu şatlykly-şowhunly bäsleşige Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň dört ugur boýunça bäsleşdiler. Olar ilkinji şerte göra “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyny joşgunly dabaralandyrmak, ýurdumyzda türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan  sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukyplaryny aýdym, goşgy we sahnada ýerine ýetiren çykyşlarynyň üsti bilen beýan etdiler. Soňra olar özleriniň taýýarlan el işlerini görkezdiler. Bäsleşigiň üçünji şertinde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, talyp gyzlar türkmen milli tagamlaryny taýýarladylar. Bäsleşigimiziň dördünji şerti has-da täsirli boldy. Onda zenan-gyzlar barada edilýän çäksiz aladalar, zenan mertebesiniň sarpasy barada ýürek buýsanjyny aýdym aýdyp, goşgy bilen beýan etdiler. Bäsleşige gatnaşýan talyp gyzlarymyz türkmen Ýaşlaryny bezeýän ajaýyp häsiýetler barada gysga sahna eserlerini wasp etdiler. Olaryň dessanlardan gahryman zenanlarymyzyň keşbini janlandyryp, aýdan parçalary bäsleşigiň şowhunyny goşalandyrdy. Mekdebimiziň II ýyl göreldeli talyby Maksadowa Aýjan bu bäsleşikde birinji orna eýe boldy.
Ýazgül JOŞOWA
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz 
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň 
ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy 

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19