Talyp gyzlar bäsleşdiler

32

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, welaýatyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda «Hany bakaly, gyzlar!» ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşige Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Gülnar Jepbarberdiýewa, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň  2-nji ýyl talyby Aýjan Maksadowa, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Güljemal Nuryýewa, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Mähri Şamyradowa dagy gatnaşdylar.

Bäsdeş gyzlar bellenen şertlere laýyklykda, täze taryhy döwrümiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny wasp etmek, türkmen gyz-gelinlerine goýulýan sarpany, sungata, döredijilige bolan ukybyny janly sesi bilen aýdym aýtmak, goşgy okamak, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek arkaly wasp etmek, boýunça öz başarnyklaryny açyp görkezdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmekde ussatlyklaryny, milli el işi bolan keşde çekmekde bolsa özleriniň sabyr-takatlaryny, yhlaslaryny, aýratyn ukyplaryny açyp görkezdiler. Halk döredijiligine degişli bolan çykyşlar talyplaryň halkymyzyň edebi hem ebedi gymmatlyklaryna söýgüsini, ýakynlygyny doly aýan etdi.

Bäsleşik guramaçylykly, şol bir wagtyň özünde örän gyzgalaňly geçdi. Has erjel çykyş etmek bilen, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň  talyby 1-nji orna, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň  talyby 2-nji orna, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň  talyby 3-nji orna mynasyp boldular. Olara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/22/articles/184023 

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19