Algyn pendim, jigerbendim!

30

Sagdynlyk — kalp gözelliginiň gözbaşy

Ynsan üçin iň uly baýlyk saglykdyr. Saglyk biziň başymyzyň täjidir. Şunda sagdynlygyň kalp gözelliginiň gözbaşy hasaplanmagy hem ýönelige däl. Çünki kalp gözelligi bilen sagdynlyk aýrylmaz baglanyşyklydyr. Halkymyz saglyk, sagdynlyk bilen bagly birnäçe nakyllary, atalar sözlerini hem şu ýörelgä esaslanyp döreden bolara çemeli.

Şahyr aýtmyşlaýyn, saglyk bilen ýaşalan ýyllar bagtly ýyllardyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda hem saglyk hakynda köňle jaýdar jümleler juda kän. Ilkinji işe başlan ýyllarymyzda halypa mugallymyň ruhy sagdynlyk bilen beden saglygynyň arasyndaky aýrylmaz baglanyşyk hakynda aýdanlary ýadyma düşýär: «Ynsanyň ruhy sagdyn bolanda, onuň özi-de sagdyn bolýandyr. Sagdyn ruh sagdyn bedeni kemala getirýär. Şonuň üçin hem «Sagdyn bedende sagdyn ruh» diýlen aýtgy bardyr».

Sagdynlyk maşgala terbiýesi, ahlak arassalygy bilen hem bagly bolup durýar. Ýagşy niýet arassa ahlaklylygy kemala getirýär. Talyplyk ýyllarymda okan kitaplarymyň birinde şeýle rowaýata duş geldim. Şonda bir baýyň ýalňyz ogly agyr kesele duçar bolýar. Ony bejermek üçin dünýäniň dürli ýerlerinden lukmanlar, hekimler gelýär. Emma onuň derdiniň dermany tapylmandyr. Soňra baý obanyň il sylagly ýaşulularyna sala salýar. Ol oglunyň derdiniň agyrdygyny, oňa müňde bir dermanyň hem täsir edip bilmändigini aýdýar. Şonda oba ýaşulularyndan biri baýa şeýle diýýär:

— Baý aga, men siziň ogluňyzy bejereýin. Onuň özi däl-de, kalby ýaralanan bolmaly. Ony bejermek üçin maňa üç gün wagt beriň!

Baý ýaşula rugsat beripdir. Hälki ýaşuly baýyň ogly bilen üç gije-gündizläp ýagşy amallar, haýyrly işler hakynda söhbet edipdir. Oňa ýagşylygyň, arassa ahlaklylygyň ynsanyň ruhuny iýmitlendirip, sagdyn ýaşaýşa atarýandygyny wagyz edipdir we oňa özüniň aýdan nesihatlaryny tutup ýaşamagy wesýet edipdir. Baýyň hassa ýatan ogly ýagşy amallar hakynda oýlanyp, kalbyny arassa pikir-düşünjelere besläp, aýaga galypdyr. Şeýlelikde, ýaňky oglan haýyrly işlere, ýagşy amallara ymtylyp, hassalygyndan saplanypdyr. Baý muňa haýran galyp, ýagşy amallaryň saglyk bilen baglydygyna düşünipdir. Bu tymsal kysmy aýtgydan görnüşi ýaly, ynsan hemişe ýagşy amallary kalbynda besläp ýaşasa, sagdyn bolar.

Bilşimiz ýaly, ene-mamalarymyz hem arassaçylygyň saglygyň gözbaşy bolup durýandygyny gelin-gyzlaryna wagyz edipdirler. Her günki iýlip-içilen naharlardan boşan tabaklaryň öz wagtynda arassalanmagy saçaga rysgal getirermiş diýen pikire uýupdyrlar. Sagdynlygyň ynsan ruhy bilen sazlaşygy hakyndaky aýdylanlar, elbetde, her birimiz üçin möhümdir. Ähli döreýän keselleriň sebäbiniň sagdyn ruhuň kemala gelmezligi, ruhy dartgynlygyň netijesi bolup bilýändigini lukmançylyk ylmynda alymlar tassyklaýarlar. Şonuň üçin ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek möhümdir. Sagdynlyk, belläp geçişimiz ýaly, kalp gözelliginiň gözbaşydyr.

Humaý SAPARMYRADOWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/22/articles/184338 

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19