Älemiň görküdir nurly eneler

31
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýynda ,,Älemiň görküdir nurly eneler” atly edebi agşama Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýnyň terbiýeçisi Tagandurdyýewa Ş, Hirurgiýa dersiniň mugallymy Eminowa G, Gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda lukmançylyk kömegi dersiniň mugallymy Galandarowa G we umumy ýaşaýyş jaýynyň talyp ýaşlary gatnaşdylar. 
Tagandurdyýewa Ş 2025-nji ýylyň ýurdumyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” bahar paslynyň ilkinji günlerinde bu ajaýyp halkara baýramy mähriban enelerimiziň, eziz uýalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň kalbynda ýakymly duýgulary döredýär. Zenanlaryň asyllylygy, mylaýymlygy, päkizeligi, sabyrlylygy, nuranalygy, şirin sözlüligi, özboluşly türkmen maşgalasynda zenanlarymyza bolan hormat, sarpa çäksizdir. Mähriban zenanlarymyz, enelerimiz durmuşymyzyň bezegidir. Mukaddes enelerimiz, mähriban zenanlarymyz baýramyňyz gutly bolsun diýip mähirli sözleri bilen çykyş etdi. 
   Mugallym Eminowa G ”Türkmen gelin-gyzlary.”atly çykyşynda türkmen jemgyýetiniň sagdyn ösüşini esaslandyrýan maşgala ojagynda ene mähremligine aýratyn hormat goýulýar. Watanymyzyň Bagtyýar geljegini kepillendirýän ýaş nesli ösdürip ýetişdirmekde belent başly enelerimiziň bitirýän çäksiz işleri gaty köpdür. Ene-mamalarymyzyň öwüt-ündewleri perzentleriniň ýüregine ornap, ýatdan çykmajak nesihatlary bilen ählimize nusgadygy barada mysallar getirip çykyşlary etdi.  
   Mugallym Galandarowa G. “Mertebe siz edep-ekramly gözeller!” atly çykyşynda zenanlar – biziň dünýämiziň, döwrümiziň görki, jemgyýetimizi, maşgala ojagyny zenansyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Biziň şu günümizi, geljegimizi terbiýeleýän, käbä deňelýän eneler sözüň doly manysynda mukaddeslikdir. Baýramyňyz gutly bolsun, mähribanlar! Siziň güler ýüzleriňiz hemişe gülüp dursun, diýip mähirli sözleri bilen çykyş etdi.                                                                                                                      
Edebi agşamyň  ahyrynda mugallymlar we  oňa gatnaşýan  talyp ýaşlar Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar. Türkmen ata-baba ýoluna öz paýhasy bilen gaýtadan şan beren mähriban Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  mertebesi belent,  jany sag, il,  döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Şemşat TAGANDURDYÝEWA
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk 
orta okuw mekdebiniň terbiýeçi

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19