Belent maksatlar rowaçlanýar

22

Häzirki ajaýyp döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesle berilýän bilimi dünýä derejesine çykarmak, ylymly-bilimli, häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýaşlary ýetişdirmek boýunça alyp barýan işleri ýurdumyzy uly üstünliklere besleýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, okatmagyň interaktiw usullaryndan, täze tehnologiýalardan, dünýä tejribesinden peýdalanmaga giň mümkinçilik döredildi.

Halkymyzyň eşretli durmuşynyň, ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşiniň gözbaşy ylym-bilimdedir. Şonuň üçin hem ýaş nesilleri giň dünýägaraýyşly hünärmenler edip ýetişdirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda çagalar baglarydyr orta mekdeplerden başlap, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimize berilýän bilim-terbiýäniň hil derejesine uly üns berilýär. Bilim-terbiýe ojaklarynyň döwrebap okuw gollanmalary we enjamlary bilen üpjün edilmegi ýaşlara berilýän bilimiň hil derejesine oňyn täsir edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim özgertmeleri has-da rowaçlanýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» bilim ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşine goşant goşjak ýaş nesilleri kemala getirmekde, olaryň bilim mümkinçiliklerini has-da artdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir. Ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlarynda sazlaşykly alnyp barylýan düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň gözbaşydyr. Bu bolsa milli bilim ulgamynyň ajaýyp döwrümizdäki ösüş tapgyrynda öňde durýan möhüm we esasy wezipeleriň biridir.

Bilim ulgamynyň döwrebap özgertmelerinde sanly ulgamyň ähmiýeti has-da aýratyndyr. Sanly bilim ulgamy ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryna, aýratyn-da, ýaş nesillerimize goşmaça we üznüksiz bilim almaga, kämil usullar arkaly hünärlerini ýokarlandyrmaga, şeýle-de milli ylym-bilim ulgamynyň işini umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyk getirmäge giň mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň işini ajaýyp zamanamyzyň ýokary talaplaryna laýyklykda ösdürmek babatda uly işlere goşant goşmaga ruhlandyrýar.

Gyzlargül GALANDAROWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Mugallymlar gazeti, 10.03.2025
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/11/articles/184909

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19