Bahar gelse ülkäme, dünýä lälezar bolar

41
    Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň umumy ýaşaýyş   jaýynda ,,Bahar gelse ülkäme, dünýä lälezar bolar.” atly edebi agşamy 11.03.2025 senede geçirildi.
 Geçirilen edebi agşama Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýnyň terbiýeçisi Tagandurdyýewa Ş, Hirurgiýa dersiniň mugallymy Eminowa G, Gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda lukmançylyk kömegi dersiniň mugallymy Galandarowa G we umumy ýaşaýyş jaýynyň talyp ýaşlary gatnaşdylar. 
   Tagandurdyýewa Ş her paslyň öz gözelligi bar, ýagny bahar paslynyň gözelligi has üýtgeşik, özüne çekiji, täsiri bardyr.  Türkmen ýazynyň ajaýyplygy, onuň röwşen keşbi türkmen edebiýatynda, halk döredijiligine siňip, her ynsanyň kalbynda türkmen tebigatyna bolan söýgini güýçlendirýär, ýürekleri joşdurýar, ene topragyň, ata Watanyň waspyny ýetirmekde göwün ylhamyny artdyrýar. Şonuň üçinem bu paslyň gözelliginiň waspy-da has belent ýaňlanýar. Waspyň etsem ýene kän, Bahar geldi ülkäme diýen goşgy setirleri  bilen sözüni jemledi.                              Mugallym Eminowa G  ”Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym.” atly çykyşynda pasyllaryň soltany bolan ýaz paslynyň türkmen tebigatyna jan girip, daş-töweregimiziň ýaşyl dona bürenip, köz ýaly gyrmyzy güllere bezenmegi, şeýda bilbileriň owadan sesleri kalbyňda heýjanalyk duýgusyny döredýär. Megerem, bahar-ýazyň maýyl ediji şeýle täsiri döredijilik bilen senetçiligi bir galyba salyp bilen ussat şahyryň joşgunly köňlüne hem ylahy ylhamy bagyş edip, şirinden labyzly şygyrlary ýazdyrýan bolmaly. Munuň şeýledigi türkmen şahyrlarynyň  ýazan goşgularynda  hem öz beýanyny tapýandygy barada durup geçdi.
   Mugallym Galandarowa G  “Nowruz-tebigatyň hem-de köňülleriň baýramy.”atly çykyşynda  Nowruz gününiň däpleri halkymyzyň taryhyny, edebi mirasyny, ruhy gözellik dünýäsini öwrenmekde gymmatly hazynadyr. Owadan sähralara elwan gülleri peşgeş berip, biziň ajaýyp ilimize gelen bahar pasly kalbyňy heýjana getirýär. Şeýda bilbiller türkmen tebigatynyň gözelliginiň waspyny edip saýraýarlar diýýän ajaýyp sözleri bilen çykyş etdi.                                                                                                               
   Geçirilen çäräniň  ahyrynda mugallymlar we talyp ýaşlarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýarlygyny, ýollarymyzyň asudalygyny üpjün etmek barada uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun diýip, il ýurt bähbitli beýik işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.                                                                            

Şemşat TAGANDURDYÝEWA
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk 
orta okuw mekdebiniň terbiýeçisi

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19