Halkyň saglygy hakynda alada

23

Berkarar döwletimizde milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde düýpli işler amala aşyrylýar. Şeýle beýik işler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem üstünlikli dowam etdirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde döwletimiziň ähli künjeklerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän köpugurly hassahanalar, saglyk öýleri, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezleri gurlup ulanmaga berilýär. Saglyk ulgamyndaky bu täze desgalar ösen tehnologiýalar, kämil enjamlar bilen üpjün edilip, adamlaryň saglygyny goramakda, dürli görnüşli keselleri ýüze çykarmakda we öňüni almakda uly mümkinçiliklere eýedir.

Ýurdumyzda 2021-nji ýylyň mart aýynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Bu gaznanyň hasabyna şu güne çenli ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň çäginde ençeme haýyr-sahawat we ynsanperwer işler amala aşyryldy. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çagalaryň köp sanlysyna dürli çylşyrymly operasiýalary geçirmäge mümkinçilik döredildi, häzirki wagtda bu işler netijeli dowam etdirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine bu gaznanyň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ (emeli böwrek) enjamynyň sowgat berilmegi hem sözümiziň aýdyň delilidir.

Germaniýanyň «B.Braun» kompaniýasynyň iň täze önümleriniň biri bolan «Dialog+» kysymly gemodializ enjamlary bedenden daşarky şertlerde gany arassalamaga niýetlenip, ol häzirki wagtda mälim bolan dializ usuly arkaly bejerginiň islendik görnüşini geçirmäge mümkinçilik berýär. Ol dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän hassalaryň has netijeli bejerilmegini üpjün edip, olaryň saglygyny gowulandyrmaga şert döredýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilýän şeýle belent sepgitler, döredilýän mümkinçilikler bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleri, lukmanlary täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Ajaýyp döwrümizde halal zähmet çekmäge, eşretli durmuşymyzyň hözirini görüp ýaşamaga, kadaly dynç almaga, ildeşlerimiziň saglygyny dikeltmäge giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Çynar GAZAKOWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Daşoguz habarlary gazeti,  13.03.2025ý.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19