Sagdyn durmuş ýörelgesi

27

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanýandygy, ýaş nesilleriň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýandygy örän buýsançlydyr. Berkarar Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler özüniň oňat netijesini berýär. Şunda ýaşlaryň aglabasynyň sport ýaryşlaryna, umumymilli sport çärelerine gatnaşýandyklaryny, wagtlaryny peýdaly geçirýändiklerini bellemek bolar.

Sagdyn durmuş ýörelgesini ýaşlara düşündirmek, wagyz-nesihat işlerini alyp barmak biziň asylly ýörelgelerimize öwrüldi. Bag nahallaryny oturtmak, tebigatyň abadançylygyny üpjün etmek, arassaçylyk kadalaryny saklamak ýaly ýörelgelere ýaşlarymyzyň ünsüni çekýäris. Şonuň üçin hem şäherlerimiziň arassaçylygy, bagy-bossanlygy ynsan saglygyna oňat täsir edýär. Arassa we ekologiýa taýdan abadan şäherlerde geçirilýän sport çäreleri ýaşlaryň sagdyn ösmegine täsir edýär. Ilatyň saglygynyň berkidilmegi, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi, täze ekologik aň-düşünjäniň raýatlaryň aňyna ornaşdyrylmagy, janly tebigatyň gözellik gurşawyny aýap saklamak ugrundaky jogapkärçilik sagdyn nesli kemala getirmäge ýardam berýär.

Sport we bedenterbiýe diňe bir sagdynlygy aňlatman, eýsem, ynsanyň medeniýetliligini hem alamatlandyrýar. Bedenterbiýe bilen işjeň we her gün meşgullanmak jemgyýetimiziň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Sazlaşykly beden maşklary adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, ruhuny belende göterýär. Hereketde bolmak bedeniňi berkitmekdir. Adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde hereketliligiň uly ähmiýeti bardyr. Şonuň üçin her ynsan ýaşyna garamazdan, hereketliligi öz durmuşynda adat edinse, saglygyny berkitmegidir, şeýle hem medeniýetiniň ýokarylygydyr. Hereket etmek, sport bilen meşgullanmak ynsanyň şähdini açýar we okamaga bolan gyzyklanmasyny, işe bolan höwesini artdyrýar. Şonuň üçin sagdyn durmuş ýörelgeleri, esasan hem, sport we bedenterbiýe möhüm ähmiýete eýedir.

Maýsa ARAZMEDOWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Mugallym gazeti, 17.03.2025ý.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/11/articles/185814 

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19