SPORT – SAGDYNLYGYŇ WE GÖZELLIGIŇ ÇEŞMESIDIR

41
HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK” ýylynda “HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI” 2025 – nji ýylyň mart aýynyň 6 – sy güni Saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher Geňeşi we Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi bilen bilelikde  “SPORT – SAGDYNLYGYŇ WE GÖZELLIGIŇ ÇEŞMESIDIR” atly şygar astynda mekdebimiziň I – II – III ýyl talyp gyzlaryň arasynda sportuň Woleýbol görnüşi  boýunça birinjiligini almak ugrunda geçirilen sport ýaryşy geçirildi.
Saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher Geňeşi tarapyndan, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň sport zalynda guralan sport ýaryşyna mekdebiň bedenterbiýe mugallymlary we talyp gyzlary gatnaşdylar.
Mekdebiň talyp gyzlarynyň arasynda sportuň Woleýbol görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda I – II – III ýerlere eýe bolan talyp gyzlar, Saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.
Şöhrat  ZAKIRJANOW
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
bedenterbiýe mugallymy


Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19